Sepleriň elýeterliligi

Bengazidäki hüjümde ABŞ-nyň ilçisi, diplomatlary öldürildi


Protestçi ABŞ-nyň Bengazidäki konsullygyna garşy ýaragly hüjüme reaksiýa bildirýär, 11-nji sentýabr, 2012

Protestçi ABŞ-nyň Bengazidäki konsullygyna garşy ýaragly hüjüme reaksiýa bildirýär, 11-nji sentýabr, 2012

Liwiýanyň gündogaryndaky Bengazi şäherinde ýaraglanan topar ABŞ-nyň konsullygyna hüjüm etdi we binanyň içini roketa okuna tutdy.

ABŞ-nyň Bengazidäki konsullygynda ýüz beren ýaragly hüjüm barada ABŞ-nyň we Liwiýanyň resmileri habar berýärler.

Maglumatlara görä, ýaragly hüjüm sişenbe güni giçlik amala aşyrylypdyr.

ABŞ-nyň ilçisi Jon Kristofer Stevens

ABŞ-nyň ilçisi Jon Kristofer Stevens

Prezident Barak Obama Amerikan konsullygyna edilen bu hüjümde ABŞ-nyň ilçisi Jon Kristofer Stevensiň we döwlet departamentiniň üç sany resmisiniň öldürilendigini tassyklady.

ABŞ-nyň döwlet departamentiniň sözçüsi Wiktoriýa Nuland bu barada ýaýradan beýanatynda Birleşen Şatatlaryň bu hüjümi “gaty berk” ýazgarýandygyny we konsullygyň binasyny goramak boýunça Liwiýanyň howpsuzlyk güýçleri bilen gepleşikler geçirýändigini belledi.

Hüjüm edilen konsullygyň golaýynda geçirilen interwýuda Bengaziniň ýaşaýjylarynyň aýtmaklaryna görä, bu ýaragly hüjüm Muhammet Pygambere dil ýetirýän pes büdjetli filmiň netijesinde dörän bidüzgünçilik sebäpli ýüz beripdir.

Bu film barada gapma-garşylykly maglumatlar bar, ýöne onuň ABŞ-da döredilendigi hem aýdylýar.

“Liwiýalylar pygamber barada ýaramaz söz aýtmagy halamaýarlar. Muhammet Pygamber. Ol Osama bin Laden däl. Ol başga biri bilen hem deňelmeýär. Ol biziň Pygamberimiz” diýip, bir Bengazili ýaşaýjy aýdýar.

Kairdäki protestler

Sişenbe güni (11-nji sentýabrda) Liwiýanyň gündogaryndaky hüjümden öň ABŞ-nyň Müsüriň paýtagty Kairdäki ilçihanasynyň öňünde radikal yslamçylaryň protesti boldy.
Kairiň protestçileri hem “Bigüna Musulmanlar” diýlip atlandyrylan film barada gahar-gazaplaryny beýan etdiler. Oňa musulmanlara garşy durýan ABŞ-daky müsürli hristianlar tarapyndan ýardam berlipdir.

Bu filmden bölekler Müsüriň arap diline terjime edilip, YouTube saýtynda ýerleşdirilipdir.
Kairdäki ilçihananyň diwarlaryna onlarça adam mündi. Olar 11-nji sentýabr terrorçy hüjüminiň ýyl dönümi sebäpli aşak goýberilen amerikan baýdagyny düşürip, onuň ýerine gara reňkli Yslamçylaryň baýdagyny dikdiler.

Protestçileriň biri Hossam Ýousef Ismail Muhammet Pygamberi tankyt etmekligi ýazgardy. Ol söz azatlygynyň Yslama dil ýetirmäge adamlara rugsat bermeli däldigini öňe sürdi.

Şol bir wagtyň özünde, musulmanlaryň dinlerine dil ýetirip, olary halkara derejesinde öjükdirmäge çalyşýanlary ABŞ-nyň ilçihanasy tankytlady.

Kaliforniýada ýaşaýan ysraýylly amerikan Sam Basile demonstrasiýalaryň tutaşmagyna sebäp bolan bu filmi döredendigini aýtdy. “Associated Press” habar agentligine beren interwýusynda Basile bu film Kopt hristianlaryna Müsürde ezýet berilýändigini suratlandyrýar diýdi.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG