Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistan "Ruhnama" gününi belleýär


Mekdep okuwçylary S.Nyýazowyň “Ruhanamasyny” satyn almaly bolýarlar, olar hepdede bir sagat “Ruhnama” sapagyny geçýär.
Mekdep okuwçylary S.Nyýazowyň “Ruhanamasyny” satyn almaly bolýarlar, olar hepdede bir sagat “Ruhnama” sapagyny geçýär.
Türkmenistanda şu gün, 12-nji sentýabr, “Ruhnama” kitabynyň güni hökmünde bellenilip geçilýär. Bu sene esasanam ýurduň ýokary okuw jaýlarynda, döwlet edaralarynda aýratyn çäreler bilen bellenýär.

“Ruhnama” güni mynasybetli paýtagtyň “Aşgabat” aýdym-saz merkezinde baýramçylyk konserti geçirilýär. Ýöne, geçen ýyllar bilen deňeşdirilende, bu ýyl "Ruhnama" güni bilen bagly geçirilýän köpçülikleýin çäreleriň sany az. Emma prezident Berdimuhamedowyň aýtmagyna görä, bu kitap türkmenleriň geçmişini beýän edýän we geljek nesline görelde boljak gymmat bahaly eserdir.

Ol türkmen telewideniýesinde görkezilen çykyşynda “Ruhnama” güni bilen türkmenistanlylary gutlap, bu barada şeýle diýdi:

“Ruhnamadaky" milli we umumy adamzat ähmiýetli öňe sürülýän taglymatlar häzirki we gelejekki nesiller üçin müňýyllyklaryň içinden geçen hem-de täze mazmun bilen baýlaşdyrylan pähim-paýhasdyr. Şol pähim-paýhaslar we ruhy gymmatlyklar nesillerde watana, halka, topraga bolan beýik söýgi terbiýelemekde hem örän uly ähmiýete eýedir.”

Emma ýurtda “Ruhnama” gününiň bellenilip geçilýändigine garamazdan, resmi metbugatda onuň awtorynyň ady o diýen agzalmaýar. Hatda “Ruhnamanyň” özi barada gürrüň edilende hem S. Nyýazowyň adynyň agzalmagyna o diýen üns berilmeýär.

"Ruhnama" kitabynyň "mukaddesligi"

Bu kitabyň Nyýazowyň döwründe resmi taýdan ykrar edilen “mukaddeslik” tituly hem köplenç halatda goýulmaýar. Döwlet edara-kärhanalaryndaky “Ruhnama” otaglary hem ilkibaşda “Galkynyş”, soň bolsa ”Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwri” diýen otaglara öwrüldi.

Şol bir wagtda Nyýazowyň adyny göterýän edaradyr binalaryň käbirleriniň atlary çalşylýar. “Ruhnamanyň” awtorynyň döreden goşgularyny okuw kitaplaryndan aýyrmak çäresi hem dowam edýär.

Emma orta mekdepleriň okuw kitaplarynda edebiýat sapagy boýunça “Garaşsyzlyk döwrüniň edebiýaty” bölüminde, esasan, S.Nyýazowyň ady agzalyp, onuň ýazan goşgulary ýerleşdirilipdir.

Biraz öň “Ruhnama” sapagy okuw programmasyndan doly aýrylar diýen gürrüňler hem ýüze çykypdy. Emma ”Ruhnama” entäk döwlet ideologiýasynyň esasy komponentleriniň biri bolup galýar.

Okuwçylar üçin çykdajy

Şonuň üçin mekdep okuwçylary S.Nyýazowyň her tomy 10 manada durýan iki tomluk “Ruhanamasyny” satyn almaly bolýarlar. Çünki olar hepdede bir sagat “Ruhnama” sapagyny geçýärler. Ýokary okuw jaýlaryna giriş ekzamenlerinde hem “Ruhnama” boýunça ekzamenler tabşyrylýar.

Bir tarapdan “Ruhnama” güni baýram edilip bellenýär. Beýleki tarapdan bolsa Nyýazow we onuň kitaby bilen bagly yzlar ýok edilýär.

Käbir ýerli synçylar resmileriň “Ruhnama” kitabyna hem-de onuň awtorynyň şahsyýetine bolan gapma-garşylykly garaýyşlaryny häzirki häkimiýetiň täze ideologiýasynyň ýoklugy bilen baglanyşdyrýarlar.

“Resmiler “Ruhnamanyň” türkmen halky üçin ýol-ýörelge bolup bilmejekdigine düşünýärler. Ýöne onuň ornuny tutup biljek ideologiýany düzüp bilmediler. Onsoňam, ýurtda giden bir nesil “Ruhnamada” terbiýelendi. Şonuň üçin häzirki hökümet bu ideologiýadan ýüz öwürmekden ejiz gelýär” diýip, efirde adynyň tutulmagyny islemedik aşgabatly medeniýet işgäri aýtdy.

“Ruhnama” kitabynyň güni mynasybetli geçirilýän çäreleriň sanynyň azalýandygyna garamazdan, bu kitabyň Aşgabatdaky ägirt uly ýadygärligi henizem saklanýar, hatda ol ýakynda restawrasiýa hem edildi.
XS
SM
MD
LG