Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Täjigistan: Orsýet harby bazalarynyň ykbalyny maslahatlaşýar


Täjigistana iki günlük sapar edýän Orsýetiň goranmak ministri Anatoliý Antonow çarşenbe güni bu ýurduň ýokary derejeli resmileri bilen harby pudak boýunça hyzmatdaşlyklary ara alyp maslahatlaşdy.

Bu gepleşiklerde, esasan, Orsýetiň Täjigistandaky harby bazalarynyň geljegi bilen baglanyşykly meseleriň üns merkezinde bolandygy habar berilýär.

Orsýet bilen Täjigistan soňky wagtlar Orsýetiň 201-nji motoatyjylyk diwiziýasynyň bu ýurtda 2014-nji ýyldan soň hem galmak möhletini uzaltmak barada gepleşik alyp barýarlar.

Şu ýylyň aprelinde Orsýetiň daşary işler ministri Sergeý Lawrow Täjigistanyň prezidenti Emomali Rahmon bilen geçiren gepleşiklerinden soň Täjigistanyň günorta serhet ýakalaryndaky rus garnizonlarynyň bu ýurtda galmak möhletiniň 49 ýyla uzaldyljakdygyny aýdypdy.
XS
SM
MD
LG