Sepleriň elýeterliligi

Gazagystanyň günbatarynda terrorizme garşy operasiýa geçirildi


Çarşenbe güni Gazagystanyň günbataryndaky Atyrau regionynda ýaragly söweşijileri ele salmak boýunça howpsuzlyk operasiýasy geçirildi.

Ýerli ýaşaýjylar bu regionyň Kulsary şäherinde üç sany köp gatly ýaşaýyş jaýynyň daşynyň polisiýa güýçleri tarapyndan gabawa alnandygyny habar berdiler.

Gazagystanyň resmileri bu operasiýanyň barşynda bäş sany terrorçynyň öldürilendigini we biriniň ýaralanandygyny mälim etdiler.

Resmiler bu terrorçy toparyň geçen hepde Atyrau şäherine ýakyn ýerleşýän bir metjidiň golaýynda partlama amala aşyrandygyny aýdýarlar. Şol gürrüňi edilýän partlamada bir adam ölüpdi.

Soňky wagtlar Gazagystanyň şu günbatar regionynda dini ekstremistlere garşy başga-da birnäçe operasiýalar geçirildi.
XS
SM
MD
LG