Sepleriň elýeterliligi

Türkmenistanyň proýektlerine ABŞ-nyň grantlary gowşuryldy


Sişenbe güni Birleşen Ştatlaryň Aşgabatdaky ilçihanasynda ABŞ-nyň 2011-2012-nji ýyllar boýunça grantlarynyň ýeňijilerine bu grantlaryň gowşurylyş dabarasy geçirildi.

Kiçi grantlar boýunça bu konkurs “ABŞ-nyň ilçileriniň medeni gymmatlyklary gorap saklamak boýunça fondy” tarapyndan yglan edilipdi.

Bu ýyl Türkmenistanyň taryhy we medeni ýadygärliklerini gorap saklamak, öwrenmek we dikeltmek baradaky Milli uprawleniýesi tarapyndan hödürlenen proýekt bilen Türkmenistanyň milli konserwatoriýasy tarapyndan hödürlenen proýekt bu konkursyň ýeňijileri diýlip yglan edildi.

ABŞ-nyň bu fondy 2001-nji ýylda Amerikan Kongresi tarapyndan döredilipdi. Geçen 11 ýylyň dowamynda bu fond Türkmenistandaky taryhy we medeni ýadygärlikleri goramak bilen baglanyşykly proýektleriň 15-sini maliýeleşdirdi.
XS
SM
MD
LG