Sepleriň elýeterliligi

Türkmenistan we Latwiýa goşa salgydy aýyrýarlar


Türkmen prezidenti metbugat konferensiýasynda, Riga, 11-nji sentýabr, 2012

Türkmen prezidenti metbugat konferensiýasynda, Riga, 11-nji sentýabr, 2012

Türkmenistanyň prezidentiniň Latwiýa resmi sapary boldy. Rigada bolan gepleşiklerde Türkmenistan bilen Latwiýanyň arasynda käbir ylalaşyklara gelindi, dokumentlere gol çekildi.

Türkmenistanyň we Latwiýanyň prezidentleriniň 11-nji sentýabrda Rigada geçiren resmi gepleşiklerinde döwletleriň ykdysady gatnaşyklaryny pugtalandyrmak barada ylalaşandyklary habar çeşmelerinde aýdyldy.

Gepleşikleriň netijesinde bu ugurdan käbir dokumentlere gol çekildi. Hususan-da “Goşa salgyt salmaklygyň öňüni almak barada” hökümetara ylalaşygyna gol goýuldy.

Ykdysady hyzmatdaşlyk

Habar berilşine görä, gepleşiklerde “ýurtlaryň arasynda söwda dolanyşygyny ösdürmek we eksport harytlarynyň görnüşleriniň sanyny artdyrmak” barada ylalaşyga gelnenligini Türkmenistanyň prezidenti aýtdy.

G.Berdimuhammedowyň Andris Berzinş bilen gepleşikleriniň netijesinde ýurtlaryň Daşary işler ministrlikleriniň arasynda geljekki iki ýyl boýunça hyzmatdaşlyk programmasyna gol çekildi. Häzirki wagtda Latwiýada Türkmenistanyň ilçihanasynyň ýokdugy habar berildi.

Gepleşikleriň öňüsyrasynda, 10-njy sentýabrda Rigada iki ýurduň Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki komissiýasynyň birinji maslahaty geçirildi.

Resmi maglumatlara görä, ýurtlar senagat we ylmy-tehniki ugurlardan hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine hem gyzyklanma bildirdiler.

Energiýa hyzmatdaşlygy

Energiýa meselesi gepleşikleriň üns merkezinde bolan temalaryň ýene biri.

Latwiýanyň prezidenti “Türkmenistanyň azyndan müň ýyla ýetjek tebigy baýlyklarynyň bardygyny we Latwiýanyň bu mümkinçiliklerden peýdalanmalydygyny” aýtdy.

Türkmenistanyň prezidenti munuň üçin Latwiýanyň öz gämi portlaryndan we demir ýollaryndan peýdalanyp biljegini belledi. Şeýle-de, Berdimuhammedow Türkmenistanyň Hazar deňzindäki portuny dikeltmek isleýändigini we latwiýaly partnerlardan takyk tekliplere garaşýandygyny aýtdy.

"Türkiýäniň prezidenti"...

Iki ýurduň prezidentleriniň resmi gepleşikleriniň yzýany geçiren metbugat konferensiýasynda halkara habar beriş serişdeleriniň ünsüni çeken ýene bir waka boldy. Latwiýanyň prezidenti Berzinş G.Berdimuhammedowa "Türkiýäniň prezidenti", diýip ýüzlendi.

Latwiýanyň prezidentiniň goýberen bu ýalňyşlygy barada ýurduň köp habar beriş serişdeleri maglumat ýaýratdylar.

Habar berlişine görä, prezidentler bir-birine sowgat gowşurdylar. G.Berdimuhammedow Latwiýanyň prezidenti Andris Berzinşe türkmen halysyny sowgat berdi, Berzinş bolsa türkmen prezidentine latwiýaly hudožnik Ýanis Brekteniň kartinasyny gowşurdy.

Käri boýunça diş lukmany G.Berdimuhammedow Latwiýa saparynyň dowamynda Riganyň stomatologiýa uniwersitetine baryp gördi.

Türkmenistanyň prezidenti Latwiýa mundan ozal 2008-nji ýylda barypdy.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG