Sepleriň elýeterliligi

logo-print

ABŞ Türkmen medeni mirasy üçin täze grant berýär


Milli konserwatoriýanyň proýekti irki döwre degişli türkmen halk sazlarynyň ýeke-täk ýazgylaryny gorap saklamaklyga we halk sazlarynyň we bagşyçylygyň ähli žanrlaryna degişli audio we wideo ýazgylarynyň bazasyny döretmeklige niýetlenendir.

Milli konserwatoriýanyň proýekti irki döwre degişli türkmen halk sazlarynyň ýeke-täk ýazgylaryny gorap saklamaklyga we halk sazlarynyň we bagşyçylygyň ähli žanrlaryna degişli audio we wideo ýazgylarynyň bazasyny döretmeklige niýetlenendir.

ABŞ-nyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň maglumatyna görä, Birleşen Ştatlaryň hökümetiniň “Ilçileriň medeni mirasy gorap saklamak boýunça fondy” kiçi grantlar programmasynyň çäginde iki sany täze granty yglan edipdir.

11-nji sentýabrda ABŞ-nyň Türkmenistandaky adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisi Robert Pattersonyň gatnaşmagynda Aşgabatda bu fonduň kiçi grantlar programmasynyň 2011-2012-nji ýyllarda üstün çykan iki proýektiniň yglan ediş dabarasy geçirildi.

“Ilçileriň medeni mirasy gorap saklamak boýunça fondunyň” hödürlän iki sany kiçi grantynyň birine Lebap welaýatynda ýerleşýän XI -XII asyrlaryň seýrek taryhy ýadygärlikleriniň käbirlerini – Garagumyň etegindäki we Amyderýanyň çep kenaryndaky Daýahatyn kerwensaraýyny täzeden dikeltmek we gorap saklamak işlerine degişli proýekti eýe boldy. Bu proýekt Türkmenistanyň taryhy we medeni ýadygärliklerini öwrenmek, rejelemek we gorap saklamak boýunça milli müdirligi tarapyndan dolandyrylar.

Müň ýyllyk taryhy bolan Daýahatyn kerwensaraýy Merkezi Aziýada oňat saklanyp galan ýadygärlik hasaplanýar. Muňa garamazdan bu ýadygärligiň käbir bölekleri we onuň bezegi rejelenmäge mätäçlik edýär.

Türkmen metbugatynyň maglumatyna görä, bu ýadygärligi gorap saklamak uly göwrümli we çylşyrymly işleri talap edýär. Şol sebäpden hem, häzirki grant esasynda Daýahatyn kerwensaraýynyň iň howp abanýan bölekleri, onuň käbir diwarlarynyň örtgüleri rejelener, şeýle hem kerwensaraýyň daşky gündogar tarapynyň diwarlary boýunça iş alnyp barylar.

Granta eýe bolan ikinji proýekt Türkmenistanyň Milli konserwatoriýasy tarapyndan dolandyrylar. Bu proýekt irki döwre degişli türkmen halk sazlarynyň ýeke-täk ýazgylaryny gorap saklamaklyga we Milli konserwatoriýada halk sazlarynyň we bagşyçylygyň ähli žanrlaryna degişli audio we wideo ýazgylarynyň bazasyny döretmeklige niýetlenendir.

ABŞ-nyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň maglumatlar bölüminiň wekili Bredleý Maguieriň Azatlyk Radiosyna aýtmagyna görä, ilçihananyň hödürlän teklipleri esasynda bu iki proýekt Waşingtonda tassyk edilipdir.

Maguier: “Dünýä boýunça hödürlenýan proýektlere berilýän grantlar kähalatlarda kiçi, kähalatlarda bolsa uly bolýar. Meniň pikirimçe, Lebapdaky ýadygärlik üçin $70 müň töweregi, Milli konserwatoriýanyň proýektine bolsa $50 müň töweregi dollar möçberinde grant tassyk edilen bolmaly”.

ABŞ-nyň Kongresi tarapyndan döredilen " Ilçileriň medeni mirasy gorap saklamak boýunça fondy" 2001-nji ýylda döredildi. Bu fonduň programmasy ýurtlara öz medeni mirasyny gorap saklamaga ýardam berýär.

ABŞ-nyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň maglumatyna görä, şu ýyl bu programma boýunça bäsleşige gatnaşan proýektleriň diňe 25 prosenti maliýeleşdirilmäge mynasyp bolupdyr.

ABŞ-nyň hökümeti soňky 11 ýylyň dowamynda Türkmenistanda taryhy ähmiýeti bolan medeni mirasy gorap saklamak üçin $400 müňden gowrak dollarlyk 17 sany proýekti maliýeleşdirdi.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG