Sepleriň elýeterliligi

BMG: "Talyban" salgytdan millionlap dollar toplaýar


Ýesir alnan "Talyban" gozgalaňçylary we olaryň ýaraglary. Gazni welaýaty. 3-nji sentýabr, 2012.

Ýesir alnan "Talyban" gozgalaňçylary we olaryň ýaraglary. Gazni welaýaty. 3-nji sentýabr, 2012.

Birleşen Milletler Guramasynyň ýaýradan täze hasabatyna görä, geçen ýylyň dowamynda “Talyban” salgyt, haýyr-sahawat ýygnamak we Owganystanda alnyp barylýan proýektlere hem-de kärhanalara haýbat atmak ýaly usullar arkaly 400 million amerikan dollaryny toplapdyr.

Şu hepde Howpsuzlyk Geňeşinde BMG-niň sanksiýalar boýunça ekspertleriniň ýaýradan maglumatlaryna görä, şol puluň takmynan 275 million dollary “Talybanyň” liderine baryp gowşupdyr we galany ýerli derejede sowlupdyr.

Bu çaklamalar 2012-nji ýylyň mart aýynda tamamlanan maliýe ýylyny öz içine alýar.

BMG-niň berýän maglumatlaryna görä, “Talyban” tarapyndan ýygnalýan ýerli salgytlaryň 2.5 prosenti adamlaryň mal-baýlygyna we 10 prosenti bolsa, bugdaý hasylyna salnan salgytdan ybaratdyr. Bugdaý hasylyna salnan salgyt olaryň esasy girdeji çeşmesi bolup durýar. Şeýle-de suw we elektrik üpjünçilgi ýaly hyzmatlara hem salgyt salnypdyr.

"Ýerli häkimiýetler ýaly"

Şol guramanyň raportunda “Talybanyň” käbir regionlarda salgydyň 10 prosentini ýerli dükanlaryň eýelerinden we beýleki kiçi işewür toparlardan alýandygy we olaryň ýerli häkimiýetler ýaly hereket edýändigi habar berilýär.

BMG-niň ekspertleri ýurda gelýän haýyr-sahawatlaryň “Talybanyň” öz hereketini maliýeleşdirmeginiň beýleki bir "uly" çeşmesidigini nygtap, olaryň hem agzalýan toparyň liderlerine ugradylýandygyny aýdýarlar.

Owganystan tirýek öndürmekde köp wagtdan bäri dünýäniň öňde barýan ýurdudyr. Owganystanlylar tarapyndan öňe sürlen çaklamalara görä, “Talyban” topary 2011-2012-nji ýyllar aralygynda göknar hasylyndan takmynan 100 million amerikan dollaryny gazanypdyr.

Agzalýan guramanyň maglumatlaryna görä, şol çeşmäniň girdejisi Gilman, Gandagar we Uruzgan ýaly köp mukdarda neşe öndürilýän welaýatlarda “Talyban” gozgalaňçylaryny maliýe serişdesi bilen üpjün edýär. Ýöne "Neşe söwdasyndan ýygnanan pullar gozgalaňçylaryň başga ýerlerde amala aşyrýan hereketleriniň çykdajylaryny ödemek üçin ýeterlik däl" diýip, agzalýan gurama nygtaýar.

BMG-niň berýän maglumatlarynda, şeýle hem Owganystanyň ösüş proýektleri üçin goýberilen milliardlarça dollaryň ýüzlerçe millionyny “Talybanyň” alandygy bellenildi.

"Talyban" we halkara proýektleri

Şol maglumatda aýratynam Birleşen Ştatlar we beýleki halkara guramalar tarapyndan maliýeleşdirilýän proýektleri alyp baryjylar bilen “Talybanyň” arasynda gol goýlan kontraktlardan gelýän girdejiniň olaryň gazanjynyň 10-20 prosent töweregini düzýändigi bellenilýär. Bu kontraktlar, umuman, “Talybanyň” şol proýektleri gorajakdygy ýaly maddalary öz içine alýar.

NATO-nyň ýolbaşçylygyndaky koalisiýa güýçleriniň çaklamalaryndan alnan maglumatlara görä, “Talyban” ABŞ-nyň harbylary bilen işleşýän owganystanly awtotransport kompaniýasyndan geçen üç ýylyň dowamynda jemi 360 million amerikan dollary töweregi pul alypdyr. ABŞ-nyň harbylary bilen şol kompaniýanyň arasynda baglaşylan kontraktyň möçberiniň 2.16 milliard amerikan dollaryna barabardygy aýdylýar.

"Bu mysal 2001-nji ýyldan bäri ýurda goýberilýän uly möçberdäki pullary harçlamagyň hötdesinden gelip bilmeýän owgan ykdysadyýetinden “Talybanyň” nähili pul gazanmaga mümkinçiliginiň bardygyny görkezýär" diýlip, agzalýan guramanyň maglumatlarynda bellenilip geçilýär.

BMG-niň ekspertleriniň aýtmagyna görä, howpsuzlygy goramaga ýardam berýän halkara güýçler “Talybanyň” girdejisiniň 155 million amerikan dollaryndan gowragynyň 2011-nji ýylda amala aşyran hüjümlerine, galan böleginiň bolsa gozgalaňçylara sarp edilendigini çak edýärler.

"2006-njy ýyldan bäri “Talybanyň” girdejisiniň ýyl-ýyldan artmagy sebäpli, olaryň amala aşyrýan hüjümleriniň sany hem barha artyp barýar" diýlip, BMG-niň maglumatlarynda belenilýär.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG