Sepleriň elýeterliligi

Pakistandaky ýangyn azyndan 280 adamyň ölümine sebäp boldy


Pakistanly halas edijiler ýangynda heläk bolanlary çykarýarlar, Karaçi, 12-nji sentýabr, 2012

Pakistanly halas edijiler ýangynda heläk bolanlary çykarýarlar, Karaçi, 12-nji sentýabr, 2012

Pakistanyň häkimiýetleri geçen gije Karaçide tikinçilik fabriginde bolan ýangynyň netijesinde, bu ýerde gabalyp galan işçilerden 280-den gowrak adamyň heläk bolanlygyny we 60-dan gowrak adamyň ýaralananlygyny aýdýarlar.

Bu fabrikde 450 çemesi adamyň işlänligi çak edilýär, bu sanyň ýene-de köpelmegi ähtimal. Hepdäniň çarşenbe güni häkimiýetler ýangynyň bolan ýerinde gözleg işlerini dowam etdirdiler.

Karaçiniň graždan keselhanasynyň tiz kömek bölüminiň ýolbaşçysy Tarik Kamal Aýubi heläk bolanlaryň 30 çemesiniň aýylganç ýanandygyny we şu sebäpden olaryň aýal ýa erkekdigini bilip bolmanlygyny aýtdy.

Olaryň ençemesi ýokarky gatda gabalyp galypdyr, käbirleri bolsa aýnalardaky deşiklerden süýnüp daşyna çykmaga synanyşypdyr. Binanyň daşyna çykmaga ýol tapmadyklar bolsa ölüme duçar bolupdyr.

Ýangyn söndürijiler binanyň aşaky gatynda tapylan pidalaryň ýangyndan däl-de, oduň ysyny tutup heläk bolandyklaryny habar berdiler. Olar bu aşaky gatyň gapysynyň ýapyk bolanlygyny aýtdylar.

Şaýatlaryň gözi bilen

Keselhana düşen pidalaryň biri 29 ýaşly Liakat Hussain ýangynyň iki minudyň içinde fabrigiň ähli böleklerine ýaýrandygyny aýtdy.

Karaçi şäheriniň ýaşaýjysy Muhammad Işak bolup geçen hadysa we ýerli ýaşaýjylaryň binada gabalyp galan adamlary halas etmek boýunça eden tagallalary barada gürrüň berdi.

Şaýat, ýangynyň güýçli bolanlygyny, adamlaryň soňky gatdan böküp düşmäge synanyşandyklaryny, bu ýerde üýşen adamlaryň bolsa kömek bermek üçin elinden geleni etmäge synanyşandyklaryny habar berdi.

Karaçiniň ýene bir ýaşaýjysy Bilal Ahmed özüniň we geçip barýan beýleki adamlaryň fabrigiň içindäki adamlary ýangyndan çykarmak üçin diwary döwmäge synanyşandyklaryny gürüň berdi.

"Biz daşky diwary döwdük, adamlar özünden gidip ýatyrdy. Başda halas edijiler olaryň birnäçesini daşary çykardylar, soň biz dört-bäş adam bolup, binanyň içinden ýuwaş-ýuwaşdan ençeme adamy çykardyk", diýip Bilal Ahmed gürrüň berdi.

Bu waka hepdäniň sişenbe güni Pakistanda iki fabriginde bolan ýangynlaryň biri. Bu ýagdaý zähmet şertleriniň howpsuzlygyny barlamak baradaky çagyryşlary güýçlendirdi.
XS
SM
MD
LG