Sepleriň elýeterliligi

Britaniýanyň daşary işler ministri Bagdada sapara bardy


Britaniýanyň daşary işler ministri William Heýg Yraga sapar edýär. Heýg Bagdada “durnuklylygyň ýolunda” hemaýat etmäge söz berdi.

Heýg saparyň dowamynda Yragyň premýer-ministri Nuri al-Maliki, daşary işler ministri Hoşýar Zebari we parlamentiň başlygy Osama al-Nujaifi bilen gepleşikleri geçirer.

Britaniýanyň Daşary işler ministrliginiň ýaýradan beýanatynda nygtalmagyna görä, saparyň dowamynda goňşy Siriýadaky konflikt hem maslahat ediler.
XS
SM
MD
LG