Sepleriň elýeterliligi

Medwedew “Pussy Riot’ toparynyň agzalary barada çykyş etdi


Orsýetiň premýer-ministri Dmitriý Medwedew “Pussy Riot” toparynyň käbir agzalarynyň tussaglykda saklanmagy “netijesiz çäre” boljakdygyny aýtdy.

Medwedew bu barada “Ýedinaýa Rossiýa” partiýasynyň gurultaýynda çykyş etdi.

Aýal-gyzlardan düzülen “Pussy Riot” pank toparynyň üç agzasy geçen aý “dini ýigrenje esaslanýan huligançylykda” aýyplanyp, iki ýyl türme tussaglygyna höküm edilipdi. Olar Moskwanyň merkezi ybadathanalarynyň birinde Putini ýazgaryjy kinaýaly protest aýdymyny aýdypdylar.

Medwedew çykyşynda “sudýanyň ornuny tutmagy” islemeýändigini belledi. Emma ol gyzlara şertli ýagdaýda tussaglyk berlen bolsa, has ýerlikli bolardy diýip pikir edýändigini hem sözüne goşdy.

“Pussy Riot” toparynyň agzalarynyň türme tussaglygyna höküm edilmegi, halkara derejesinde tankytlary döredipdi.
XS
SM
MD
LG