Sepleriň elýeterliligi

Pakistanyň Baluçistan welaýatynda ýedi adam öldürildi


Pakistanyň günorta-günbataryndaky Baluçistan welaýatynda näbelli hüjümçiler ýedi ýol gurluşykçysyny öldürdi, başga-da altysyny ýaralady.

Hüjüm penşenbe güni Maston etrabynyň Daşit obasynda amala aşyryldy.

Berilýän maglumata görä, heläk bolan we ýaralananlaryň ählisi etnik puştunlar eken.

Hüjümiň jogapkärçiligini häzirlikçe hiç öz üstüne almady. Bular ýaly hüjümleri amala aşyrmakda köplenç buluç seperatistleri aýyplanýardy.
XS
SM
MD
LG