Sepleriň elýeterliligi

UNICEF: Dünýä boýunça çagalaryň ölmek derejesi pese gaçýar


BMG-niň Çagalar boýunça edarasynyň ýaýradan beýanatynda nygtalmagyna görä, soňky 20 ýylyň dowamynda dünýä boýunça bäş ýaşdan aşakdaky çagalaryň ölmek derejesi 40%-a golaý aşak gaçypdyr.

UNICEF edarasynyň maglumatynda nygtalyşy ýaly, görkezijiler 1990-njy ýylda 12 million bolan bolsa, 2011-nji ýylda ol 6.9 milliona çenli pese gaçypdyr.

Muňa käbir garyp döwletleriň baýamagy, şeýle-de ene-süýdi bilen iýmitlendirmek ýaly alnyp barlan ýörite programmalar sebäp bolupdyr.

Hasabatda çagalaryň has köp Saharanyň günortasyndaky we Günorta Aziýadaky ýurtlarda ölýändigi nygtalýar. Bu döwletlerde hasaba alnan çaga ölümi, umumy 2011-nji ýyl boýunça görkezijiniň 80% töweregini düzýär.
XS
SM
MD
LG