Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Liwiýada ýurduň täze premýer-ministri saýlanyldy


Liwiýanyň Milli assambleýasy premýer-ministriň orunbasary Mustafa Abu Şagury, ýurduň indiki premýer-ministri hökmünde saýlady.

Ses berilşikde Mustafa Abu Şagur bilen birlikde, Muammar Kaddafiniň režimi agdarylandan soň, premýer-ministriň wezipesini ýerine ýetiren Mahmud Jibril bäsleşdi.

Şagur howpsuzlygy özüniň esasy maskatlarynyň biri etjekdigini belledi.

Şagur uzak möhlet Muammar Kaddafa garşy çykyp gelipdi. Ol ABŞ-da doktorlyk derejesini hem gorapdy.
XS
SM
MD
LG