Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ABŞ konsullygyna edilen hüjümden soň Liwiýa harby gämilerini ýollady


Waşington Liwiýa iki harby gämini we harby-deňiz pehotany ugratdy. Mundan öň Bengazide ABŞ-nyň ilçisi öldürilipdi.

Harbylaryň esasy maksady, bu ABŞ-nyň Tripolidäki ilçihanasyny goramakdan ybarat. Penşenbe güni ABŞ-nyň Bengazidäki konsullygyndan onuň işgärleri ewakuasiýa edildi.

Bu aralykda ABŞ-nyň prezidenti Barak Obama Müsüriň we Liwiýanyň liderlerine ýüzlenip, howpsuzlyk meselelerini maslahat etmäge çagyrdy.

Penşenbe güni, Kaýirde hem musulmanlar ABŞ-nyň ilçihanasyna hüjüm etdiler. Bu gazaplylyga ABŞ-da şahsy düşürilen, Muhammet pygamberi masgaralaýan film sebäp boldy.

Çarşenbe güni Kaýirde ABŞ-nyň ilçihanasynyň öňüne ýygnan protestçileriň biri şeýle diýdi: “Amerikalylar biziň pygamberimiz barada erbet bir zat diýjek bolýarlar. Muhammet pygamberiň ýatan ýeri ýagty bolsun! Men häzir olara iňlisçe ýüzlenýärin: Biziň halkymyzyň gaharyny getirmäň, olar öldürerler, olar göreşerler”.

Käbir gowuşýan maglumatlara görä, Liwiýada ABŞ-nyň ilçisi Kris Stiwens we ilçihananyň başga-da üç işgäri gazaplylyk sebäpli öldürilipdir.
XS
SM
MD
LG