Sepleriň elýeterliligi

Türkmenistan pagta ýagynyň önümçiligini artdyrmakçy


Türkmenistanyň Lebap welaýatyndaky pagta tabşyrylyş bazasy. 24-nji awgust, 2012.

Türkmenistanyň Lebap welaýatyndaky pagta tabşyrylyş bazasy. 24-nji awgust, 2012.

Türkmenistanyň Azyk senagaty assosiasiýasy ýag önümçiligi üçin ýörite desgalary gurmak boýunça halkara tenderini yglan etdi. Resmi maglumatlara görä, Baýramalydaky ýag kombinatynda her gije-gündizde 680 tonna pagta çigidini işlemek üçin ýörite seh gurup, ony işe girizmek göz öňünde tutulýar.

Azatlyk Radiosy pagta ýagynyň önümçiliginiň we ulanylyşynyň aýratynlyklary barada Türkmenistanyň hökümetiniň oba hojalygy boýunça öňki geňeşçisi Wladimir Ýerofeýew bilen söhbetdeş boldy.

Azatlyk Radiosy: Türkmenistanda pagta çigidiniň ýagy näme üçin öndürilýär?

Wladimir Ýerofeýew: Birinji nobatda, Türkmenistanda munuň üçin gowy çig-mal bazasy bar. Ýygylan pagtanyň süýümleri aýrylansoň, onuň çigidi galýar. Bu çigitden köp ýag çykýar, ýagy alynansoň çigidiň künjarasy bilen şulhasy hem mal üçin iýim bolýar. Şeýlelikde, pagta öndüriji ýurt üçin pagta ýagynyň önümçiligi isripsiz önümçilik bolýar.

Azatlyk Radiosy: Türkmenistanda pagta ýagy öňden bäri iýilýär. Emma onuň peýdasy we zyýany barada köp diskussiýa gidýär. Kim onuň tagam taýdan öz aýratynlyklarynyň bardygyny aýdýar, kim zyýanyna ünsi çekýär? Siziň pikiriňizçe, pagta ýagy zyýanlymy ýa peýdaly?

Wladimir Ýerofeýew: Pagta ýagynda bişirilen palowy gowy görýän adamlaryň köpdügini bellemek gerek. Emma ýagyň peýdasy we zyýany barada aýdylanda, bar zat bu ýagyň arassalanylyşynyň hiline bagly. Ýagyň zyýanly garyndylardan näderejede arassalanyp taýýarlanyşyna bagly. Maňa Ysraýylyň tehnologiýasy boýunça arassalanan ýagy görkezipdiler. Ol asla pagta çigidiniň ýagyna meňzemeýärdi. Ol açyk reňkli, dury we arassa ýokary hilli ýagdy. Pagta çigidiniň ýagynda bar bolan agyr garyndylar we ýaglar aýrylansoň şeýle bolýar.

Azatlyk Radiosy: Pagta ýagy Türkmenistanda iň köp öndürilýän ýag, ýagyň beýleki görnüşleri näme üçin onçakly köp öndürilmeýär?

Wladimir Ýerofeýew: Günebakarlary ösdürip ýetişdirmek Türkmenistanyň şertlerinde kyn. Howa gaty yssy, suw bolsa az. Günebakar ekerançylygy örän köp suwy talap edýär. Ýurtda ýag üçin künji hem öndürilýär. Emma ol köplenç ýurduň demirgazyk böleklerinde, Daşoguzda gowy ýetişýär. Künji önümçiliginiň bahasy hem gymmat bolýar. Mekkejöwen üçinem köp suw gerek bolýar. Şeýlelikde, suw Türkmenistanda oba hojalyk önümçiligini planlaşdyrmakda esasy çäklendiriji mehanizm bolup durýar.

Azatlyk Radiosy: Pagta çigidiniň ýagyny azyk önümçiliginden başga ýene näme üçin ulanyp bolýar?

Wladimir Ýerofeýew: Ýagy tehniki taýdan ulanyp bolýar. Meselem, ýaglaýjy serişdeleriň, şol sanda awtoulaglar üçin ýaglaryň öndürilmegi üçin ulanyp bolýar. Şeýle-de ýangyç üçin ulanyp bolýar. Meselem, soňky döwürde Birleşen Ştatlarda mekkejöwenden ýangyç öndürmegiň meşhurlygy artýar. Pagta ýagyny hem şeýle maksatlar üçin ulanyp bolar. Sebäbi pagta ýagy-da nebit ýaly uglewodly önüm, ýöne onuň himiki formulasy biraz başga. Munuň üstünde işlemek boýunça halkara tejribeleri bar.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG