Sepleriň elýeterliligi

Söz azatlygyna gurban edilen jan


Waşingtondaky "Newseum" muzeýinde Ogulsapar Myradowanyň ady ebedileşdirildi.

Waşingtondaky "Newseum" muzeýinde Ogulsapar Myradowanyň ady ebedileşdirildi.

Türkmenistanda söz azatlygyny wagyz eden Ogulsapar Myradowanyň türmede ýogalanyna 14-nji sentýabrda alty ýyl dolýar.

Gümürtik ýagdaýda türkmen türmesinde ýogalan Ogulsapar Myradowa 2006-njy ýylyň iýun aýynda bikanun ýarag saklanlykda aýyplanyp, tussag edilipdi. Onuň bilen bilelikde Fransiýanyň telekanaly bilen hyzmatdaşlyk eden we Türkmenistanda adam hukuklary barada dokumental film döretmäge gatnaşan Sapardurdy Hajyýew we Annagurban Amangylyjow dagy hem tussag edilip, olara 7 ýyl kesilipdi.

Türkmen häkimiýetleri Ogulsapar Myradowanyň türmede öz ajalyna ölendigini aýdýarlar.

Ýetişen üç çaganyň enesi Ogulsapar Myradowa şol wagt 58 ýaşyndady. Ol adam hukuklaryny goraýan “Türkmen Helsinki Fondunyň” agzasy hökmünde Türkmenistandaky hukuk bozulmalar barada maglumat toplaýardy we olary halk köpçüligine ýetirmäge çalyşýardy. Ol tussag edilmezinden üç aý öň Azatlyk Radiosy bilen hem hyzmatdaşlyk edip başlapdy.

Şol döwürde Aşgabatda un gytçylygy barada Ogulsaparyň ýollan ýeke-täk reportažy häzire çenli radiomyzyň arhiwinde saklanýar. Ine şol ýazgydan bir bölek.


Halkara jemgyýetçiliginiň aladalary

Söz azatlygyny wagyz edýän we adam hukuklaryny goraýan halkara guramalary Ogulsapar Myradowanyň türmede gynalmagy sebäpli ýogalandygyny öňe sürýärler we häzire çenli onuň ölümi bilen bagly açyk derňewiň geçirilmeýändigi barada alada bildirýärler.

Ogulsapar Myradowa

Ogulsapar Myradowa

Düýbu Parižde ýerleşýän “Serhetsiz reporterlar” guramasynyň Ýewropa we Merkezi Aziýa boýunça bölüminiň ýolbaşçysy Ýohan Bihr şu wagta çenli Ogulsapar Myradowanyň ölümi bilen baglanyşykly we onuň bilen bilelikde tussag edilen we häzir türkmen türmesinde oturan kärdeşleri Sapardurdy Hajyýewyň we Annagurban Amangylyjowyň ykbaly barada türkmen häkimiýetlerinden maglumat almagyň özlerine başartmaýandygyny Azatlyk Radiosyna aýtdy.

Bihr: “Şol wakadan soň alty ýyl geçdi, indi birnäçe ýyl bäri olar barada hiç hili habaryň ýoklugy bizi gynandyrýar. Olaryň ykbaly bizi gaty alada goýýar”.

“Maglumat almak hukugy çäkli”

“Birnäçe ýyl mundan ozal häkimiýet başyna Gurbanguly Berdimuhamedow gelende metbugat azatlygy gowulanar diýen azda-kände umyt bardy, emma bu ýurtda maglumat almak hukugy boýunça hakyky özgerişligiň şaýady bolmadyk. Habar serişdeleriniň ählisi häkimiýetleriň göz astynda bolmagynda galýar” diýip, Bihr aýdýar.

Şol bir wagtyň özünde ýurtda mobil internetiň giňden ýaýrap başlamagy söz azatlygynda käbir oňaýly ösüşleriň boljakdygyna umyt döredýär diýip, Ýohan Bihr Azatlyk Radiosyna aýtdy.

Fransiýanyň Baýe şäherindäki memorial ýadygärliginde Ogulsapar Myradowanyň ady daşyň ýüzüne ýazyldy.

Fransiýanyň Baýe şäherindäki memorial ýadygärliginde Ogulsapar Myradowanyň ady daşyň ýüzüne ýazyldy.

Halkara jemgyýetçiliginiň basyşlaryna garamazdan Türkmenistanda metbugat azatlygynyň ýagdaýynyň ýaramaz bolmagynda galýandygy aýdylýar. “Serhetsiz Reporterlar” guramasynyň “Press Freedom Indeks” atly soňky ýyllyk hasabatynda Türkmenistan 179 ýurduň arasynda iň ýaramazlaryň derejesinde, ýagny 177-nji orunda görkezilýär.

Söz azatlygy ugrunda göreşen we janyny gurban eden Ogulsapar Myradowanyň ady öz professional borçlaryny ýerine ýetirýärkä ölen žurnalistleriň hormatyna dikilen Parižiň etegindäki ýadygärlik daşynyň ýüzünde ebedileşdirildi, şeýle hem onuň hormatyna Waşingtonyň Newseum muzeýinde ýazgy edilip, suraty ýerleşdirildi.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG