Sepleriň elýeterliligi

ABŞ Yslama garşy film sebäpli has köp protestlere garşy durmaga taýýarlanýar


ABŞ-nyň Yslam dünýäsindäki diplomatik missiýalary Muhammet Pygamberi masgaralaýjy hususy film sebäpli dördünji gün bolmagyna garaşylýan protestlere garşy durmaga taýýarlyk görýärler.

Ýakyn Gündogarda we Demirgazyk Afrikada juma namazyndan soňky wagt aralygynda köplenç demonstrasiýalaryň geçirilýän wagty hasaplanýar.

11-nji sentýabrdan bäri Liwiýada, Müsürde, Ýemende we Ýakyn Gündogaryň beýleki ýurtlarynda protestler geçirilip gelindi.

Liwiýanyň Bengazi şäherinde 11-nji sentýabrda ýüz beren protestde söweşijiler ABŞ-nyň konsullygyna hüjüm etdiler we dört diplomaty, şol sanda ilçi Kristofer Stewensi öldürdiler.

13-nji sentýabrda Sanaada bolan protestde dört ýemenli öldürildi.

Liwiýanyň lideri Muhammad Magarief we Ýemeniň prezidenti Mansur Hadi protestleri ýazgardylar.

Penşenbe güni Orsýetiň prezidenti Wladimir Putin Arap dünýäsinde hökümete garşy hereketlere Günbataryň goldaw bermegi durnuksyzlyga alyp gelýär diýdi.
XS
SM
MD
LG