Sepleriň elýeterliligi

Britaniýa Owganystandaky harbylaryny wagtyndan öň ýurtdan çykarmak isleýär


Britaniýanyň goranmak ministri Filip Hammond Britaniýanyň käbir harby goşunyny Owganystandan wagtyndan öň yzyna çagyrmak meselesine garalýandygyny mälim etdi.

"The Guardian" gazetine beren interwýusynda Hammond “mümkin boldugyndan has köp esgeri has uzak möhlete çenli saklamak” barada alty aý mundan ozal harbylara görkezme berlendigini tassyklady.

Plan boýunça Britaniýa ýylyň ahyryna çenli Owganystandan 500 esgerini çykaryp, galan 9 müň esgerini ýurduň howpsuzlyk güýçlerine kömek etmek üçin galdyrmaly edilipdi.

Ýöne ministriň sözlerine görä, harbylar 2013-nji ýylda Owganystandaky britan goşunynyň sanyny has hem kemeldip boljakdygyny aýdýarlar.
XS
SM
MD
LG