Sepleriň elýeterliligi

Siriýa: Brahimi prezident Başar al-Assad bilen duşuşýar


BMG-niň we Arap ligasynyň Siriýa meselesi boýunça wekili Lakhdar Brahimi prezident Başar al-Assad hem-de ýurduň oppozisiýasy bilen anna güni duşuşýar.

Brahimi penşenbe güni Siriýa ilkinji sapary bilen bardy we daşary işler ministri Walid al-Moualem bilen duşuşdy.

Brahiminiň sözçüsiniň aýtmagyna görä, Moualem parahatçylyk boýunça wekil bilen Damaskda geçiren duşuşygynda parahatçylyk missiýasyna özüniň ýardam berýändigini aýtdy.

Siriýanyň döwlet telewideniýesi ministre salgylanmak bilen, islendik initiatiwanyň “Siriýanyň halkyna bähbitli” boljagyny habar berdi.

Brahimi Eýranyň Siriýadaky ilçisi Mohammed Reza Şibani bilen hem duşuşdy.
Eýranyň hökümeti Assadyň wepaly tarapdarydyr.

2011-nji ýylyň mart aýynda gozgalaň başlanany bäri Siriýada müňlerçe adam öldürildi.
XS
SM
MD
LG