Sepleriň elýeterliligi

Gadymy “Ýüpek ýoluna” berilýän täzeçe üns


Geçen tomus ABŞ-nyň Döwlet sekretary Hillari Klinton ýurtlary asyrlaryň dowamynda Uzak Gündogar bilen Ýewropany birleşdirip gelýän gadymy “Ýüpek ýolundan” ylham almaga çagyrypdy.

Geçen tomus ABŞ-nyň Döwlet sekretary Hillari Klinton ýurtlary asyrlaryň dowamynda Uzak Gündogar bilen Ýewropany birleşdirip gelýän gadymy “Ýüpek ýolundan” ylham almaga çagyrypdy.

Eýsem, gadymda söwda transporty bolup hyzmat eden düýeleriň we kerwenleriň ornuny demir ýol liniýalarydyr nebit turbalary tutup bilermi? Birleşen Ştatlar munuň hut şeýle bolmalydygyny aýdýar.

Birleşen Ştatlaryň “Täze ýüpek ýoly” inisiatiwasy halkara güýçleri Owganystany terk edensoň, ýurdy goldamak we sebitde durnuklylygy üpjün etmek üçin energiýa, transport, söwda we infrastruktura proýektlerini ýola goýmagy maksat edinýär.

Geçen tomus Hindistanda eden çykyşynda ABŞ-nyň Döwlet sekretary Hillari Klinton ýurtlary asyrlaryň dowamynda Uzak Gündogar bilen Ýewropany birleşdirip gelýän gadymy “Ýüpek ýolundan” ylham almaga çagyrypdy.

Ol şonda: “Geliň, ykdysadyýetiň we tranzit baglanyşygynyň halkara ulgamyny gurnalyň. Bu demir ýollaryň, asfalt ýollaryň we Türkmenistandan Owganystana, Pakistana hem-de onuň üsti bilen Hindistana çenli ýetirilmegi teklip edilýän gazgeçiriji turba ýaly energiýa infrastrukturalarynyň gurulmalydygyny aňladýar. Şeýle hem, bu, gürrüňsiz, harytlaryň we adamlaryň erkin hereket etmekleri üçin býurokratik böwetleriň we beýleki päsgelçilikleriň aradan aýrylmalydygyny aňladýar” diýip belläpdi.

Proýektiň bähbitli taraplary

Teoriýa boýunça bu proýektiň bähbitleri juda köp. Olardan birem 2014-nji ýylda daşary ýurt goşunlary Owganystany terk edensoň, halkara ýardamyň azalmagy sebäpli ýüze çykjak maliýe kynçylyklarynyň öwezini dolmak üçin bu ýurda zerur bolan täze söwda ýollaryny açmakdan ybaratdyr.

Şeýle-de, bu proýektiň özara goňşy ýurtlaryň regional gatnaşyklaryny gaýtadan gurmaklary üçin aktiw hyzmatdaşlyk etmeklerine, ykdysady hyzmatdaşlyklaryň binýadyny döretmeklerine we ekstremizmiň öňüni almaklaryna itergi berer diýen umyt bar.

Şol bir wagtyň özünde-de, Birleşen Ştatlar sebitde öz gyzyklanmasynyň azalmagy bilen, bulaşyklygyň döräp biljekdigi baradaky aladalardan habarly. Diýmek, bu proýekt Eýran ýaly ýurtlary regiondan çetde saklamak üçin Waşingtonyň sebit bilen gyzyklanmasynyň dowam edýändigini görkezmekde-de möhüm rol oýnap biler.

Waşington “Täze ýüpek ýoly” proýekti baradaky gyzyklanmanyň dowam edýändigini görkezmek üçin öz täsirinden peýdalanýarka, ony amala aşyrmak üçin maliýe serişdeleriniň Dünýä bankyndan, Aziýa Ösüş bankyndan, hususy pudakdan we beýleki gyzyklanma bildirýän döwletlerden gelmegine garaşylýar.

Kynçylyklar bar, emma

“Täze ýüpek ýoly” inisiatiwasynyň yglan edilmeginden bir ýyl soň, şu aýda oňa gatnaşýan ýurtlar bolan Owganystanyň we onuň goňşularynyň dünýädäki güýçleriň özara ýagdaýyny ýene bir gezek gözden geçirmäge mümkinçiligi bolar. Bu duşuşygyň Nýu-Ýorkda, BMG-niň Baş Assambleýasynyň ýygnaklarynyň çäginde durmuşa geçirilmegine garaşylýar.

Geçen döwrüň dowamynda bilermenler bu proýektiň çäginde regional hyzmatdaşlygy ýola goýmak boýunça käbir oňyn alamatlaryň ýüze çykandygyny aýdýarlar. Emma, şol bir wagtyň özünde-de, ony hakyky manyda amala aşyrmagyň öňünde dürli kynçylyklaryň hem dowam edýändigi aýdylýar. Bu kynçylyklar durnuksyzlyk, korrupsiýa we özara bäsdeşlik ýaly zatlary öz içine alýar.

Jon Hopkins uniwersitetiniň Merkezi Aziýa we Kawkaz institutynyň başlygy S.Fredrik Star bu proýekte “bolmalysyndan haýal depgindäki, emma pessimistleriň garaýşyndan çalt barýan proýekt” hökmünde baha berdi.

ABŞ-nyň “Täze ýüpek ýoly” inisiatiwasy boýunça düşünjäniň işlenip düzülmeginde esasy rol oýnan S.Fredrik Star Hillari Klintonyň “Transowgan” gazgeçirijisini bu proýektiň esasy damarlaryndan biri diýip häsiýetlendirmeginiň dogry çaklamadygyny aýdýar.

Waşington türkmen gazyny eksport etmek boýunça şu ýylyň baharynda gelnen ylalaşygyň 8 milliard dollarlyk bu proýektiň gelejegi üçin uly ädim bolandygyny aýdýar.
XS
SM
MD
LG