Sepleriň elýeterliligi

Rim papasy Liwana parahatçylyk sargyt bilen bardy


Rim papasy Benedikt XVI anna güni üç günlük sapary bilen musulmanlaryň agdaklyk edýän ýurdy Liwana bardy.

Watikanyň maglumatyna görä, bu sapar dürli dinlere uýýanlaryň dialogyny geçirmek boýunça popuň alyp barýan missiýasynyň çäginde geçirilýr.

Bu sapar Siriýadaky konfliktiň Liwana ýaýramagy baradaky aladalaryň we Ýakyn Gündogarda we Demirgazyk Afrikada Muhammet pygamberi masgaralaýan hususy film sebäpli ABŞ-a garşy bidüzgünçilikli protestleriň fonunda geçýär.

85 ýaşyndaky Rim papasy Ýakyn Gündogara pop hökmünde dördünji gezek barýar. Onuň bu missiýasy regionda dürli hristian keliseleriniň bütewiligiň hem-de hristianlar bilen musulmanlaryň arasynda parahatçylygyň möhümdigini wagz etmäge gönükdirilýär.

Benediktiň Liwana sapary 1997-nji ýylda Jon Paul II-niň saparyndan soň Rim papasynyň bu ýurda ilkinji saparydyr.
XS
SM
MD
LG