Sepleriň elýeterliligi

Yslama garşy film sebäpli protestler möwç alýar


Muhammet pygamberi masgaralaýjy hususy film sebäpli anna güni musulman ýurtlarynda protestler mowç aldy. Sudanda, Liwanda we Ýemende çaknyşyklaryň ýüz berendigi habar berilýär.

Britaniýanyň we Germaniýanyň Khartoumdaky ilçihanalaryna 5 müň töweregi protestçi hüjüm edip, binalary ýakdy we olara uly zeper ýetirdi.

Liwanyň demirgazygyndaky Tripoli şäherinde yslamçylar “KFC” restoranyna hüjüm edip, ony otladylar. Şol ýerde polisiýa bilen bolan çaknyşykda bir adamyň ölendigi we 25 adamyň ýaralanandygy habar berilýär.
XS
SM
MD
LG