Sepleriň elýeterliligi

Gyrgyzystan: benzin eksportyna protest bildirilýär


Gyrgyzystanyň günortasyndaky Oş regionyny Täjigistan bilen birleşdirýän awtomagistralyň ugrunda 50 töweregi ýerli raýat protest bildirip, ýoly böwetledi.

Protestçiler Gyrgyzystanda zerur bolan benziniň Täjigistana eksport edilmegine garşy çykýarlar.

Täjigistana niýetlenen 40 tonnalyk 15 sany benzin tankeri Kara-Myk obasynyň deňindäki awtomagistralda saklandy.

Awtomagistral penşenbe gününiň ikinji ýarymyndan bäri petik bolmagynda galýar.
XS
SM
MD
LG