Sepleriň elýeterliligi

Owganystandaky ýol heläkçiliginde onlarça adam öldi


Owganystanyň Gazni welaýatynda ýüz beren ýolagçy gatnadýan awtobus bilen ýük tankeriniň çaknyşygynda azyndan 50 adamyň ölendigi habar berilýär.

Awtobusda 56 adamyň bolandygy aýdylýar. Dürli habar agentlikleriniň maglumatlarynda ölenleriň sanynyň 50 ýa-da 51-digi bellenilýär.

Ýerli polisiýa bölüminiň başlygy general Zarawar Zahidi ölenleriň köpüsiniň ot alyp, tanalmaz ýaly derejede ýanandyklaryny habar berdi.

Heläkçiligiň sebäbi barada maglumat berilmeýär.
XS
SM
MD
LG