Sepleriň elýeterliligi

logo-print

Aşgabat halkara konferensiýalaryny näme üçin köp geçirýär?


Saglyk boýunça halkara konferensiýasy, Aşgabat, 19-njy iýul, 2012.

Saglyk boýunça halkara konferensiýasy, Aşgabat, 19-njy iýul, 2012.

Türkmenistanyň paýtagtynda sentýabryň başyndan bäri halkara konferensiýalarynyň, forumlarynyň we sergileriniň ona golaýy geçirildi. Olaryň arasynda “Türkmenistanyň energetika senagatynyň ösüş ugurlary” we “Türkmenistanyň nebit-gazy” atly iri halkara konferensiýalary, energetika boýunça halkara forumy geçirildi.

14-nji sentýabrda Tükmenistanyň paýtagtynda GDA guramasynyň ykdysady geňeşiniň maslahaty hem öz işine başlady.

Halkara çäreleriniň geçirilmeginiň ýokary taýýarlyk derejesini we maliýe çykdajylary talap edýänligi aýdylýar. 13-nji sentýabrdaky iş maslahatynda prezident G.Berdimuhammedow çäreleri halkara derejesinde geçirmek üçin ýurduň ähli edaralarynyň sazlaşykly işleşmegini talap etdi.

Näme uçin geçirilýär?

Türkmenistan ýurtda köp geçirilýän halkara çäreleriniň “ähliumumy abadançylyga we ösüşe” itergi bermek üçin niýetlenýänligini aýdýar.

Emma käbir türkmenistanlylar şeýle çäreleriň häkimiýetleriň imijini ýokarlandyrmakdan başga oňly netije berip biljegine şübhe bildirýärler.

“Köp güýç, köp tagalla sarp edilýär, köp çykdajy çykarylýar. Ýöne bu zatlar ýolbaşçylaryň imijini ýokary götermek, daşary ýurtlardan saýlanyp, diýen ýaly getirilýän adamlara Türkmenistanyň içerki we daşary syýasaty barada gowy baha berdirmek ýaly maksatlar göz öňünde tutulýar", diýip žurnalist Aşyrguly Baýryýew Azatlyk Radiosyna aýtdy.

Baýryýewiň sözlerine görä, ýönekeý raýatlaryň durmuşynda, transport meselesinde kabir päsgelçilikler döreýär. "Köçe ýol hereketinde päsgelçilik döredilýär. Bu, şol gelýän delegasiýalary bir ýerden beýleki ýere äkitmek sebäpli bolýar”, diýip Aşgabadyň ýaşaýjysy Baýryýew gürrüň berdi.

Moskwada ýerleşýän GDA institutynyň analitigi Andreý Grozin, türkmen resmileriniň geçirýän halkara çäreleri, şol sanda şu günler GDA guramasynyň Aşgabatda geçirilýän çäreleri arkaly, “öz syýasy aktiwligini görkezmäge we halkara derejesinde öz ähmiýetini nygtamaga synanyşýandygyny” belleýär.

Netije nähili?

Emma Groziniň pikirine görä, halkara konferensiýalarynyň formaty ýurduň özüni tanatmakdan başga takyk netijeleri göz öňünde tutmaýar. “Konferensiýalar we forumlar geljekki ylalaşyklaryň döremegi üçin diňe meýdança bolup bilýär”, diýip Grozin belledi.

Şu aýyň aýagyna çenli Aşgabatda halkara çäreleriniň ýene ençemesiniň geçiriljegi yglan edildi.

Synçylar şeýle çäreleriň çykdajylaryna hem ünsi çekýärler.

“Myhmanlaryň gelmegi-gitmegi, olaryň Türkmenistanyň iň gowy myhmanhanalarynda ýaşamagy we olara berilýän sowgatlar üçin çykdajylar esasan Türkmenistanyň býujetinden çykdajy edilýär”, diýip Aşyrguly Baýryýew aýdýar.

Resmi maglumatlarda, Türkmenistanda geçirilýän halkara çäreleriniň köpüsiniň pudak edaralarynyň we ministrlikleriniň guramaçylygynda geçirilýändigi habar berilýär, emma munuň maliýe tarapy, sarp edilýän puluň çeşmesi we mukdary barada resmi maglumatlarda aýdylmaýar.

GDA institutynyň analitigi Andreý Grozin, hususan-da, guramanyň çäginde geçirilýän çäreler üçin ýörite fondlaryň bardygyny aýtdy. Emma ol ýurdyň öz inisiatiwasy bilen geçirilýän çäreleriň adatça şol ýurduň hasabyna amala aşyrylýanlygyny belledi.

Şu ýyl Türkmenistan GDA guramasyna baştutanlyk edýär. Türkmenistanyň baştutanlygynda şu ýyl guramanyň 30-dan gowrak çäresiniň geçiriljekdigini, olaryň onusynyň Tükmenistanyň özünde pudak edaralarynyň we ministrlikleriniň guramaçylygynda geçiriljegi resmi maglumatlarda habar berilýär.
XS
SM
MD
LG