Sepleriň elýeterliligi

Putiniň tankytçysy deputatlykdan mahrum edildi


“Sprawedliwaýa Rossiýa” partiýasyndan deputat Gennadiý Gudkow Döwlet Dumasynyň zalynda. 14-nji sentýabr, 2012.

“Sprawedliwaýa Rossiýa” partiýasyndan deputat Gennadiý Gudkow Döwlet Dumasynyň zalynda. 14-nji sentýabr, 2012.

Anna güni Orsýetiň Döwlet Dumasynyň deputatlary “Sprawedliwaýa Rossiýa” partiýasyndan deputat Gennadiý Gudkowy deputatlyk mandatyndan mahrum etmek baradaky meseläni sese goýdular.

Bu geçirilen ses berişlikde deputatlardan 291-si G.Gudkowy deputatlykdan mahrum etmekligi goldady, 150-si muňa garşy boldy we üçüsi ses bermekden saklandy. Netijede, ol deputatlykdan mahrum edildi.

Oppozisiýa lideri we prezident Wladimir Putiniň tankytçylaryndan biri hasaplanylýan Gennadiý Gudkowyň deputatlykdan mahrum edilmegine ýurduň prokuraturasynyň oňa bikanun kommersiýa işleri bilen baglanyşykly bildiren aýyplamalary sebäp boldy.

Gennadiý Gudkowyň özi özüne garşy görlen bu çäräni syýasy matlaba esaslanýan çäre diýip atlandyrýar. Ol özüniň deputatlykdan mahrum edilmegine garşy şikaýat bilen Orsýetiň Ýokary suduna ýüz tutjakdygyny aýtdy.

Syýasy ar alyşmy?

Dumadaky ses berişligiň öňýany deputatlaryň öňünde eden çykyşynda Gennadiý Gudkow bu ýagdaýy “syýasy ar alyş” diýip atlandyrdy.

Ol: “Bu syýasy ar alyş. Bu meniň şu ýerde başa barmadyk reformalary tankytlandygym, başarnyksyz ministrleri we ogurlyklara çümen gubernatorlary we beýleki çinownikleri tankytlandygym üçin ar alyş. Bu siziň Orsýeti niräk äkidip barýandygyňyzy görkezen iş taşlaýyşlyklarymyz üçin ar alyş. Bu Bolotnaýa we Saharow meýdançalaryndaky protestler üçin ar alyş, biz muny gowy bilýäris” diýip, nygtady.

Ýöne Gennadiý Gudkow bu çärelere garamazdan, özüniň oppozision syýasy işlerini dowam etdirmekçidigini aýtdy.

Gennadiý Gudkow Moskwada şenbe gününe planlaşdyrylan uly gerimdäki protest ýörişini gurnaýjylardan hem biri. Ol mundan ozal ýurtda geçirilen parlament we prezidentlik saýlawlarynyň galplaşdyrylandygyny aýdyp, bu saýlawlaryň gaýtadan geçirilmelidigi barada çagyryşlar bilen çykyş edipdi.

Žirinowskiý ony ýazgardy

Maglumata görä, Dumada anna güni geçirilen ses berişlikde Orsýetiň dolandyryjy “Ýedinaýa Rossiýa” partiýasy bilen Liberal Demokratik partiýanyň wekilleri Gennadiý Gudkowa garşy ses beripdirler. Ony diňe “Sprawedliwaýa Rossiýa” partiýasy bilen Kommunistik partiýanyň wekilleri goldapdyr.

Liberal Demokratik partiýanyň lideri Wladimir Žirinowskiý Dumadaky ses berişligin onýany äden çykyşynda KGB-nin otstawkadaky polkownigi Gennadiý Gudkowy KGB-niň 5-nji bölüminde işlemek bilen, demokratik gymmatlyklary weýran edenlikde aýyplady we oňa garşy ses berjekdigini aýtdy.

Gennadiý Gudkowyň deputatlyk mandatyndan mahrum edilmeginiň yzy bilen, “Sprawedliwaýa Rossiýa” we Kommunistik partiýa bu gurnalan çäräniň näderejede ýurduň kanunçylygyna laýyk gelýändigini anyklamaklygyny sorap, Konstitusion suda ýüz tutdular.
XS
SM
MD
LG