Sepleriň elýeterliligi

Türkmenistan iňlis dilli täze uniwersitet açmakçy


Türkmenistanyň garaşsyzlyk ýyllarynda ýokary okuw jaýlarynyň köpüsinde daşary ýurt dilleri boýunça fakultetler ýapyldy.

Türkmenistanyň garaşsyzlyk ýyllarynda ýokary okuw jaýlarynyň köpüsinde daşary ýurt dilleri boýunça fakultetler ýapyldy.

Anna güni geçirilen hökümet maslahatynda prezident G.Berdimuhamedow Aşgabatda okuw programmalary diňe iňlis dilinde alnyp baryljak täze bir ýokary okuw jaýyny döretmekligiň zerurlygyny belledi.

Bu mesele baradaky çykyşynda ol bu täze dörediljek ýokary okuw jaýynyň wezipesiniň bilim ulgamynda dünýä standartlaryna laýyk gelýän ýokary bilimli, ussat hünärmenleri taýýarlamakdan ybarat bolmalydygyny nygtady.

Öwreniljek ugurlar

Täze ýokary okuw jaýynda öwreniljek hünärler barada durup geçmek bilen, prezident G.Berdimuhamedow: “Bu uniwersitetde birnäçe ugurlar boýunça hünärmenleri taýýarlamak zerur diýip hasaplaýaryn. Mysal üçin, onda halkara ykdysadyýeti, halkara žurnalistikasy, halkara hukugy, menejment fakultetleri döredilse, bu maksada laýyk bolardy” diýip belledi.

Şeýle hem, G.Berdimuhamedow täze dörediljek uniwersitetde okuwlaryň tölegli esasda guralmalydygyny we onda okatmagyň gündüzki görnüşleriniň-de bolmalydygyny aýtdy.

Türkmenistanyň prezidenti okuw programmalary iňlis dilinde geçiriljek bu täze ýokary okuw jaýynda studentlere halkara standartlaryna laýyk gelýän bakalawr we magistr derejeleriniň berilmelidigini nygtady. Ýöne ol bu okuw jaýyna näçe studentinň kabul edilmelidigi barada durup geçmedi.

Kime bähbitli?

G.Berdimuhamedow bu uniwersitet üçin guruljak täze okuw jaýlary barada durup geçip: “Uniwersitetiň halkara standartlaryna laýyk gelýän, döwrebap binasyny gurmaly. Mugallymlar üçin niýetlenen ýaşaýyş jaýlaryny, talyplar üçin umumy ýaşaýyş jaýlaryny we käbir beýleki zerur bolan binalary gurmagy göz öňünde tutmaly” diýdi.

Türkmenistanyň prezidenti göz öňünde tutulýan bu täze uniwersitet bilen baglanyşykly meseleleri takyk öwrenmekligi we degişli teklipleri taýýarlamaklygy wise-premýer S.Toýlyýewe tabşyrdy.

Türkmenistanyň garaşsyzlyk ýyllarynda ýurduň ýokary okuw jaýlarynyň köpüsinde daşary ýurt dilleri boýunça fakultetler ýapylyp, beýle fakultetler esasan Azady adyndaky Türkmen Döwlet dünýä dilleri institutynda saklanyp galypdy.

Bu ýagdaý Türkmenistanda ýaşaýan we türkmen dilini suwara bilmeýän beýleki milletleriň wekilleri üçin ýokary bilim almak meselesini has kynlaşdyrypdy.

Käbir synçylar iňlis dilinde okuw geçiljek täze ýokary okuw jaýynyň döredilmeginiň Türkmenistanda bu ugurdaky ýagdaýlara oňyn täsir etmeginiň mümkindigini aýdýarlar.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG