Sepleriň elýeterliligi

Çehiýa ýokary gradusly alkogol içgileriniň satuwyny togtatdy


Anna gününden başlap Çehiýa Respublikasy ýurduň dükanlarynda ýokary gradusly alkogol içgileriniň satuwyny wagtlaýynça gadagan etdi. Muňa käbir alkogol içgilerinde peýda bolan zäherli metanol maddasyndan bu ýurtda birnäçe adamyň ölmegi sebäp boldy.

Çehiýa Respublikasynyň saglyk ministri Leos Heger soňky günler alkogola goşulan bu zäherli elementden 19 adamyň ölendigini we köp adamlaryň keselhana düşendigini aýtdy.

Häzirki wagt käbir wodka we rom içgilerinde bu metanol maddasynyň nähili ýol bilen peýda bolandygyny anyklamak boýunça derňew işleri alnyp barylýar. Soňky günler Gündogar Ýewropanyň käbir beýleki ýurtlarynda-da şular ýaly sebäpden ençeme adamyň ölendigi barada maglumat alyndy.
XS
SM
MD
LG