Sepleriň elýeterliligi

Hytaýyň wise-prezidenti iki hepdeden soň köpçülikde göründi


Soňky iki hepde bäri jemgyýetçilikde peýda bolmadyk Hytaýyň wise-prezidenti Ksi Ýingping anna güni ilkinji gezek jemgyýetçilik çäresinde peýda boldy.

Ksi Ýingping Hytaýyň häzirki lideri Hu Jin Tao şu ýylyň ahyrynda häkimiýetden gidensoň, onuň ornuna geçjek kandidat hasaplanylýar.

Onuň soňky iki hepdäniň dowamynda jemgyýetçiligiň gözünden ýitirim bolmagy onuň saglyk ýagdaýynyň çynlakaý derejede ýaramazlaşandygy barada maglumatlaryň peýda bolmagyna sebäp boldy.

Geçen hepde Ksi Ýingping näbelli sebäbe görä ABŞ-nyň Döwlet sekretary Hillari Klinton bilen-de duşuşygyny ýatyrypdy. Hytaýyň “Ksinhua” habar agentligi anna güni Ksi Ýingpingiň jemgyýetçilik çäresine gatnaşýandygyny görkezýän täze suraty çap etdi.
XS
SM
MD
LG