Sepleriň elýeterliligi

Yslam dünýäsinde täze filme garşy protestler möwç alýar


ABŞ-da döredilen “Musulmanlaryň bigünäligi” atly täze filme garşy protest çykyşlary yslam ýurtlarynda kem-kem möwç alýar.

Şenbe güni irden Müsüriň paýtagty Kairdäki Amerikan ilçihanasynyň golaýynda protestçiler bilen polisiýanyň çaknyşmagynda azyndan bir adamyň ölüp, onlarça adamyň ýaralanandygy barada maglumat alyndy.

Soňky iki günüň dowamynda Ýakyn Gündogarda we Günorta-gündogar Aziýa ýurtlarynyň 20-den gowragynda bu filme garşy gurnalan protestleriň barşynda azyndan dört adamyň ölendigi habar berilýär.

Anna güni Ýemeniň paýtagty Saanada protestçileriň Amerikan ilçihanasyna garşy hüjüm etmek howpunyň artmagy sebäpli, ol ýere ýörite amerikan harbylarynyň bir topary eltildi.
XS
SM
MD
LG