Sepleriň elýeterliligi

Lahdar Brahimi Siriýanyň prezidenti bilen gepleşik geçirdi


Şenbe güni BMG-niň we Arap Ligasynyň Siriýa boýunça ýörite wekili Lahdar Brahimi Siriýanyň prezidenti Başar al-Assad bilen gepleşik geçirdi.

Bu gepleşikleriň yzy bilen žurnalistlere beren interwýusynda Lahdar Brahimi özüniň Başar al-Assad bilen Siriýadaky häzirki krizisleri ara alyp maslahatlaşandygyny we ýurtdaky häzirki ýagdaýyň örän howply ýagdaýdygyny ýene bir gezek nygtandygyny aýtdy.

Munuň özi Lahdar Brahiminiň iki hepde mundan ozal bu wezipä belleneli bäri Siriýanyň prezidenti bilen geçiren ilkinji duşuşygy boldy. Mundan ozal bu wezipäni Kofi Annan ýerine ýetirip gelipdi.

Londonda iş alyp barýan we Siriýadaky adam hukuklaryna syn edýän ýörite gurama anna güni Siriýada 160 töweregi adamyň öldürilendigini aýdýar.
XS
SM
MD
LG