Sepleriň elýeterliligi

Orsýetiň paýtagtynda uly gerimde demonstrasiýa gurnaldy


Şenbe güni Orsýetiň oppozisiýa liderleri paýtagt Moskwada on müňlerçe adamyň gatnaşmagynda uly gerimde protest ýörişleriniň geçirilýändigini habar berdiler.

Bu wakanyň öňýany oppozsiýanyň liderleri ýurduň ilatyny dürli şäherlerde “Millionlaryň ýörişi” ady bilen giň gerimde ýöriş geçirmeklige çagyrdylar.

Şenbe güni Moskwadaky ýörişde eden çykyşynda belli orsýetli aktiwist Sergeý Udalsow: “Bizin esasy maksadymyz ýurduň häkimiýetlerini dialoga girmeklige mejbur etmekden ybarat” diýip belledi.

Şeýle hem, ol oppozisiýanyň soňky demonstrasiýasyndan bäri üç aýyň geçendigine garamazdan, öz eden talaplaryndan hiç biriniň häkimiýetler tarapyndan ýerine ýetirilmändigini nygtady.

Azatlyk Radiosynyň ýerli habarçysy Moskwanyň merkezine ýygnanan protestçileriň sanynyň 25 müňden hem geçýär diýlip hasaplanylýandygyny aýtdy.
XS
SM
MD
LG