Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gazagystanyň Atyrau oblastynda atyşyklar ýüz berdi


Anna güni agşamlyk Gazagystanyň Atyrau oblastyndaky bir polisiýa punktunyň golaýynda organ işgärleri bilen näbelli ýaragly adamlaryň arasynda atyşyklar ýüz berdi.

Ýerli resmiler bu atyşyklarda azyndan iki polisiýa işgäriniň ýaralanandygyny mälim etdiler.

Bu wakanyň öňýany, anna güni giçlik bu oblastyň paýtagty bolan Atyrau şäherindäki polisiýa edarasynyň howlusynda partlama amala aşyrylandygy habar berildi.

Maglumatda polisiýa işgärleriniň wakanyň bolan ýeriniň töwereklerindäki transport ýollaryny baglap, anna güni agşamlyk ok atan we partlamany amala aşyran adamlary gözlemeklerini dowam etdirýändikleri aýdylýar.

Ýöne bu waka bilen baglanyşykly kimdir-biriniň tussag edilendigi ýa edilmändigi barada häzirlikçe anyk maglumat alynmady.
XS
SM
MD
LG