Sepleriň elýeterliligi

Täsin diktatorlar tapgyryndan: hiç kim Berdini tanamaýar


Ukrain prezidenti W.Ýanukowiç (sagda) Türkmenistanyň adyny Gazagystan bilen çalşyrmak arkaly, Berdimuhamedowy oňaýsyz ýagdaýa salypdy. Kiýew, mart, 2012.

Ukrain prezidenti W.Ýanukowiç (sagda) Türkmenistanyň adyny Gazagystan bilen çalşyrmak arkaly, Berdimuhamedowy oňaýsyz ýagdaýa salypdy. Kiýew, mart, 2012.

Türkmenistanda ýurduň her bir raýaty prezident Gurbanguly “Arkadag” Berdimuhamedowyň adyny ýatdan bilýär we ony ýüzünden tanaýar.

Öz ene topragy Türkmenistanda onuň “Beýik bagtyýarlyk zamanynyň” lideri hasaplanylýandygyna garamazdan, onuň daşary ýurtlara edýän saparlarynyň dowamynda ýüze çykýan wakalar bütinleý başgaça ýagdaýy görkezýär.

Şu ýylyň martynda onuň Kiýewe sapary wagtynda Ukrainanyň prezidenti Wiktor Ýanukowiç Türkmenistanyň adyny Gazagystan bilen çalşyrmak arkaly, diplomatik säwlik goýberip, Berdimuhamedowy oňaýsyz ýagdaýa saldy.

Bu bolan wakany (we Berdimuhamedowyň nägile ýüzüni) şu ýerdäki wideo sýužetden-de görüp bilersiňiz.

Onuň ýarasyna duz basyjy şuňa meňzeş başga-da bir waka ýakynda, 11-nji sentýabrda onuň Latwiýa eden iki günlük resmi sapary wagtynda ýüze çykdy.

Türkmen lideri bu baltika ýurduny energiýa resurslaryna baý Türkmenistan üçin Ýewropa Bileleşigine çykýan söwda kanaly hökmünde ulanmak meselelerini ara alyp maslahatlaşmak üçin sapara barypdy.

Bu gezek Latwiýanyň prezidenti Andris Berzinş Berdimuhamedowy Türkiýäniň lideri diýip yglan etdi.

Latwiýanyň prezidentiniň latyş dilinde eden bu çykyşyny-da şu ýerde diňläp bilersiňiz.

Yzly-yzyna ýüz berýän bu wakalardan görguli “Berdä” hiç rahatlyk ýok ýaly görünýär.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG