Sepleriň elýeterliligi

Orsýet: “Millionlaryň ýörişi” gurnaldy


Başda Puşkin meýdançasyna üýşen protestçiler Moskwanyň köçelerinden ýöräp, demonstrasiýanyň esasy geçirilýän ýeri bolan Saharow prospektine bardylar. Moskwa, 15-nji sentýabr, 2012.

Başda Puşkin meýdançasyna üýşen protestçiler Moskwanyň köçelerinden ýöräp, demonstrasiýanyň esasy geçirilýän ýeri bolan Saharow prospektine bardylar. Moskwa, 15-nji sentýabr, 2012.

Şenbe güni Orsýetiň oppozisiýa liderleri Moskwanyň köçelerine çykan öz tarapdarlarynyň on müňlerçesini ýurduň liderlerinden sosial we syýasy reformalary talap etmeklerini dowam etdirmäge çagyrdylar.

“Millionlaryň ýörişi” ady bilen Moskwada gurnalan ýörişde eden çykyşynda orsýetli aktiwist Sergeý Udalsow: “Biziň esasy maksadymyz ýurduň häkimiýetlerini dialoga girmeklige mejbur etmekden ybarat. Biziň soňky ýörişimizden bäri tomsuň üç aýy geçdi, emma biziň talaplarymyzdan hiç biri ýerine ýetirilmedi” diýip belledi.

S.Udalsow öz talaplaryna laýyklykda türmelerdäki syýasy tussaglardan hiç biriniň azatlyga goýberilmändigini, gaýta repressiýalaryň has-da güýçlenendigini we täze tussaglaryň peýda bolandygyny aýtdy.

Moskwada 25 müňden geçdi

Başda Puşkin meýdançasyna üýşen protestçiler Moskwanyň köçelerinden ýöräp, demonstrasiýanyň esasy geçirilýän ýeri bolan Saharow prospektine bardylar. Ol ýerde oppozisiýanyň liderleri protestçileriň öňünde çykyş etdiler.

Proteste gözegçilik etmek üçin häkimiýetler 7 müň töweregi howpsuzlyk işgärini bu çäräniň geçirilýän ýerlerine sürdüler. Moskwa, 15-nji sentýabr, 2012.

Proteste gözegçilik etmek üçin häkimiýetler 7 müň töweregi howpsuzlyk işgärini bu çäräniň geçirilýän ýerlerine sürdüler. Moskwa, 15-nji sentýabr, 2012.

Şenbe güni gurnalan bu protest ýörişine gözegçilik etmek üçin ýurduň häkimiýetleri 7 müň töweregi howpsuzlyk işgärini bu çäräniň geçirilýän ýerlerine sürdüler.

Azat Ýewropa Azatlyk Radiosynyň Moskwadaky habarçysy Tom Balmfors Saharow prospektine ýygnanan protestçileriň sanynyň şäher administrasiýasy tarapyndan rugsat berlen 25 müňden hem has geçýän ýaly görünýändigini habar berdi.

Demonstrasiýaçylar öz ýörişleriniň dowamynda dürli hili syýasy çagyryşly şygarlary, şol sanda “Orsýet Putinsiz bolmaly!” ýaly şygarlary-da gygyryşdylar. Plakatlara ýazylan şygarlaryň arasynda bolsa “Putin parazit” diýlip ýazgy ýazylan plakatlary-da görmek bolýar.

Protestçileriň talaplary

Bu wakanyň öňýany oppozsiýanyň liderleri ýurduň ilatyny dürli şäherlerde “Millionlaryň ýörişi” ady bilen giň gerimde ýöriş geçirmeklige çagyrdylar.

Oppozisiýa liderleri Moskwadaky ýaly uly ýörişleriň Sankt-Peterburg we Ýekaterinburg ýaly şäherlerde-de gurnalýandygyny aýtdylar.

Ýörişleri gurnaýjylar bu çäräniň Orsýetiň häkimiýetlerinden sosial we syýasy reformalaryň geçirilmegini, adalatly saýlawlaryň gurnalmagyny, şeýle hem hökümetiň tankytçylaryna döwlet telewideniýesinde çykyş etmäge mümkinçilik berilmegini talap etmek maksady bilen gurnalandygyny aýdýarlar.

Protestçileriň talaplarynyň hatarynda ýurtda möhletinden öň parlament we prezidentlik saýlawlarynyň geçirilmelidigi, jemgyýetiň pes gazanç edýän gatlagyna hökümet tarapyndan has köp goldaw berilmelidigi baradaky talaplar hem bar.
XS
SM
MD
LG