Sepleriň elýeterliligi

Agaýew: "Sport diýilse, elimde näme bolsa berdim"


Londondaky tomusky olimpiýa oýunlarynyň açylyş dabarasynda Türkmenistanyň sport delegasiýasy tribunanyň öňünden geçýär. London, 27-nji iýul, 2012.

Londondaky tomusky olimpiýa oýunlarynyň açylyş dabarasynda Türkmenistanyň sport delegasiýasy tribunanyň öňünden geçýär. London, 27-nji iýul, 2012.

13-nji sentýabrda prezident G.Berdimuhamedow Aşgabatdaky olimpiýa şäherçesine baryp, ondaky gurluşyklaryň barşy bilen ýakyndan tanyşdy.

Olimpiýa şäherçesi soňky wagtlar Türkmenistanda gurlan we gurulýan iri sport desgalaryndan diňe biri. Täze gurlan desgalaryň hatarynda soňky wagtlar dürli welaýatlarda gurlan uly stadionlary we at çapyşyk aýlawlary ýaly köpsanly obýektleri bellemek mümkin.

Eýsem, bu sport merkezleri adaty ilat üçin näderejede elýeterli we ulanarlykly? Sporta sarp edilýän serişdeler ýerlikli ulanylýarmy? Şu meseleler barada Azatlyk Radiosy öz döwründe göreş boýunça halkara ýaryşlarynda birnäçe gezek ýeňiji bolan we öz adyny Aly Agaýew diýip tanadan türkmenistanly sportsmen bilen söhbetdeş boldy.

Azatlyk Radiosy: Aly, Türkmenistanda sport desgalarynyň we merkezleriniň sanynyň günsaýyn diýen ýaly artyp barýandygyndan siziň habaryňyz bardyr. Bu obýektleriň ýerli ilat üçin elýeterliligi barada siz nähili pikirde?

Aly Agaýew: Soňky wagtlar eşidişime görä, Olimpiada şäherçesi we Olimpiada stadiony guruljakmyş. Bu stadion gaty uly stadion bolmaly diýip düşünýän. Belki, dünýä Olimpiadasy hem şol ýerde geçirilip bilner.

Aşgabatda harby gulluk eden wagtlarym ýüzme howuzly bir sport desgasy açylypdy. Şol wagtlar ol ilata elýeterlidi. Şonda şol ýerde türgenleşik geçmäge maňa-da mümkinçilik beripdiler. Ýöne karate we käbir beýleki sportlaryň elýeterlidigini ýa däldigini men bilemok.

Türkmenistanyň sport pudagynda, umuman, Aşgabatdan daşary beýleki welaýatlarda men sport desgalary gurulmaýar diýip biljek. Sebäbi meniň göreş boýunça türgenleşen ýerimde öňki soýuz döwründen galan düşekçeler 30-50 ýyl töweregi dagy durandyr şol ýerde. Olaryň ulanmaly möhleti-de köp geçen. Olaryň üstünde göreş tutubam bolmaýar.

Özümiziň elde pagtadan ýasan düşekçelerimizem gaty ýumşak bolýar we olaryň üstünde göreş tutan wagtyň hem kyn bolýar. Öňki köne düşekleri ulanýanlar hem düşegiň içinde çüýrän ýerleriniň bardygy säbäpli, şol ýere aýaklary-elleri degip, bedenlerine şikes alýarlar.

Azatlyk Radiosy: Türkmenistanda her ýyl sporta millionlap maýa goýberilýär. Bu serişdeler ýurtdaky sportuň ösmegine nähili goşant goşýar diýip pikir edýärsiňiz?

Aly Agaýew: Türkmenistanda sporta maýa goýulýanam bolsa, maýany Aşgabatdan başga ýerlere kän goýmaýarlar. Lebap, Daşoguz, Balkan welaýatlarynda örän zehinli we güýçli sportmenler bar.

Käbir güýçli sportsmenler ýurduň daşynda geçirilýän ýaryşlara gitmeýärler. Ýurduň daşyna, esasan, Aşgabatda türgenleşenler gidýärler. Sebäbi, beýleki welaýatlardaky güýçli sportmenler şol ýaryşa äkitjek sport komitetlerinden birazajyk pul ýardamyny soraýarlar. Hatda ähli ýol pullarynam, iýjek iýmitleriniň we ýatjak ýerleriniň pullary bilen problemalaram olar öz üstlerine almaly bolýarlar.

Azatlyk Radiosy: Siz daşary ýurtlara diňe Aşgabatdan sportsmenler äkidilýär, mundan başga-da, welaýatlarda sport desgalary ýetmezçilik edýär diýýärsiňiz. Eger öz sport merkeziiňizi açmak niýetiňiz bolsa, size şeýle merkezi açmaga rugsat bererler diýip pikir edýärsiňizmi?

Aly Agaýew: Hawa, şeýle mümkinçilik bar. Mesele bu ýerde şeýle: sport komiteti saňa iş berýär, emma ol saňa sport zal berenok. Onsoň, obalardaky mekdepleriň ozalky sport zallaryny sorap, ulanmaga alyp bilseň, şonda ýaşlary göreş ýaly sportlara taýýarlap bilýäň.

Elbetde, men sporta gaty höwesli. Men hatda çagany kiçijikliginden dünýä çempiony derejesine-de ýetişdirip bilerdim. Meniň özüm 6-njy klasda başlapdym göreşe. Göreşe baramda, meniň agramym guş ýalyjakdy – 26 kilogramdy.

Türgenleşdiriji trener bizi hatara duruzanda, iň gowy göreşýänleri birinji hatarda duruzýardy, göreşip bilmeýänlerem hataryň iň soňunda durýardy. Men başda hataryň iň soňunda duran bolsam, iki ýylyň içinde hataryň iň öňüne geçipdim.

Ynsanyň öz içinden hyjuw gelse, ol dünýä çempionam bolar, welaýat çempionam bolar. Iň esasy zat – türgenleşmek, sporta özüňi bermek. Iň netijelisem – seni türgenleşdiriji mugallymyň başarnygy we saňa beren höwesi.

Azatlyk Radiosy: Türkmen sportsmenlerinden dünýä çempionlaryny ýetişdirmek üçin nähili şertler gerek?

Aly Agaýew: Dünýä çempionyny ýetişdirmek üçin, ozaly bilen, şol ýetişdirilýän sportsmeniň maddy ýagdaýy gaty gowy bolmaly. Meselem, men özüm barada aýtsam, men birazrak garyp maşgalada ýetişdim. Men türgenleşik üçin zerur bolan boş wagtymy özüm döredýärdim. Irden turup, ylgap gelenimden soň, öz işlerimi çalt-çaltdan bitirýärdim.

Şonuň üçin, önümli netije görkezýän sportsmene, eger ol tutanýerli türgenleşik geçýän bolsa, şoňa-da guwanýan bolsa, türgenleşdiriji oňa birazajyk pul bermeli. Sportsmeniň iýgi-içgisi gowy bolmaly, sebäbi onuň witamini we hemme zerur zady elýeterli bolmaly.

Şoňa görä-de, sportsmeniň öz elinde birazrak pul bolmaly. Ynha, meselem, meniň elimde ummasyz pul bolsa, pul gelip dursa, men özümiň gowy sport zal gurup biljegimi bilýän. Men öz jigime sport zal gurmaga kömek etdim. Men oňa 2-3 müň dollardan pul berdim, şu wagtam elimden gelen kömegi edýärin.

Sport diýilse, meniň duran ýerim – men oňa elimde näme pulum bar bolsa, berdim. Ol pul menden artan pul däldi, ol meniň öz pulumdy, başga pulumam ýokdy, ýöne men onuň hemmesini oňa berdim.

Şoňa görä-de, şu meselede ýolbaşçylar birazrak kömek etse, gowy boljak. Sport Türkmenistan üçin özüni dünýä ýaýmaga mugt reklama. Ony dünýä tanatjak, birinji nobatda, sportdyr! Şonuň üçin, Türkmenistan “men garaşsyzdyryn, men eýle etdim, men beýle etdim” diýip däl-de, diňe sport tarapdan özüni tanatmaly.

Ýene, mysal üçin, öz sport zalymyzda göterilýän ştangalary elde ýasadyk. Köp sport zallary soýuz döwründen galan sport zallar. Olarda türgenleşik etmek gaty oňaýsyz. On sany oglan türgenleşik geçse, deriň ysy alyp barýar. Olara duş, hammam, çalşyrgyç ýer ýok. Olar ýaly ýerde bir sagatdan köp türgenleşik geçip hem bolanok. Penjiräni açsaňam, ol ýerden şemal urýar, olam hassalyga sebäp bolýar. Umuman, gaty kyn.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG