Sepleriň elýeterliligi

Çikago: 18 ýaşly amerikan raýaty terror synanyşygynda tussag edildi


Birleşen Ştatlaryň howpsuzlyk resmileri ýurduň Çikago şäherinde bir barda partlama aşyrmaklyga synanyşan ýerli raýatyň tussag edilendigini mälim etdiler.

Resmileriň maglumatyna görä, 18 ýaşly Adel Dawud amerikan raýatlaryna garşy jihäd hüjümini amala aşyrjakdygy barada internet arkaly hat ýaýradandan soň, ol howpsuzlyk işgärleri tarapyndan gözegçilik astyna alnypdyr.

Bu operasiýanyň barşynda Adel Dawud terrorçylaryň roluna giren howpsuzlyk işgärlerinden remout-kontrol arkaly dolandyrylýan bombany alyp, ony şäheriň bir barynda partlatmaklyga synanyşypdyr.

Bu wakada tussag edilen Adel Dawud Al-Kaýdanyň Ýemendäki bir toparynyň esasy liderlerinden biri, amerikan asylly Anwar al-Awlakiniň yzyna eýeriji diýlip hasaplanylýar.
XS
SM
MD
LG