Sepleriň elýeterliligi

Türkiýäniň günortasyndaky partlamada 8 polisiýa işgäri öldi


Ýekşenbe güni Türkiýäniň resmileri ýurduň günortasynda ýol gyrasynda goýlan minanyň partlamagy netijesinde 8 sany polisiýa işgäriniň ölüp, 9 polisiýa işgäriniň ýaralanandygyny habar berdiler.

Resmileriň maglumatyna görä, bu waka Bingol prowinsiýasynyň Karliowa etrabynda üsti polisiýa işgärlerinden doly bir awtobusyň barýan ýolunda ýüz beripdir. Türkiýäniň resmileri bu hüjümde separatistik Kürdüstan işçiler partiýasynyň söweşijilerine güman bildirýärler.

Bu wakadan bir gün öň Türkiýäniň Eýran we Yrak bilen serhetleşýän raýonynda ýaragly hüjümçileriň amala aşyran hüjüminde dört esger ölüpdi.
XS
SM
MD
LG