Sepleriň elýeterliligi

Eýranly bosgunlar Yragyň demirgazygyndan täze lagere göçürildi


Ýekşenbe güni Birleşen Milletler Guramasy indi köp ýyllar bäri Yragyň demirgazygyndaky lagerde ýaşaýan eýranly bosgunlaryň soňky uly böleginiň Bagdadyň golaýyndaky täze bir lagere göçürilendigini mälim etdi.

BMG-niň Yrak boýunça ýörite wekili Martin Kobleriň aýtmagyna görä, bu çärede Eýranyň oppozision halk mujaheddinleri toparynyň ýaşaýan bu lagerinden 680 adam göçürilipdir.

Martin Kobler häzirki wagt Yragyň demirgazygyndaky lagerde diňe birnäçe bosgunyň emläkleri satmak maksady bilen galandygyny aýdýar. BMG-niň aýtmagyna görä, bu çäreler eýranly bu bosgunlary ýakyn wagtlarda daşary ýurtlara ugratmak maksady bilen amala aşyrylýar.

Eýranyň oppozision halk mujaheddinleri toparynyň 1990-njy ýyllarda Birleşen Ştatlaryň we Eýranyň obýektlerine garşy amala aşyran hüjümlerinden soň, Waşington bu topary terror guramalarynyň sanawyna goşupdy.
XS
SM
MD
LG