Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Owganystanyň polisiýa işgäri NATO-nyň 4 esgerini öldürdi


Ýekşenbe güni Owganystanyň Zebul welaýatynda ýerli polisiýa işgäri NATO-nyň esgerlerinden dördüsini atyp öldürdi. Munuň özi soňky 24 sagadyň dowamynda NATO-nyň esgerlerine garşy amala aşarylan şuňa meňzeş ikilenji hüjümdir.

Bu soňky hüjümiň Zebul welaýatyndaky bir barlag punktunda ýüz berendigi habar berilýär. Şeýlelikde, soňky bir hepdäniň dowamynda ýerli owgan harbylary we polisiýa işgärleri tarapyndan amala aşyrylan hüjümlerde NATO-nyň ölen esgerleriniň sany alta ýetdi.

Bu wakalaryň fonunda şenbe güni agşam Owganystanyň Lagman welaýatynda NATO-nyň geçiren howa hüjüminde ýalňyşlyk bilen sekiz sany aýal-gyzyň öldürilendigi barada maglumat alyndy.

Maglumata görä, olar welaýatyň Alingar etrabyndaky bir obanyň golaýynda odun çöpläp ýören wagty öldürilipdir. NATO-nyň resmileri bu waka barada häzirlikçe hiç hili beýanat etmediler.
XS
SM
MD
LG