Sepleriň elýeterliligi

Waşington Tunisden we Sudandan öz diplomatlaryny çykarýar


Tunisde we Sudanda Amerikan ilçihanalaryna garşy edilen hüjümleriň yzy bilen, Birleşen Ştatlaryň Döwlet departamenti amerikan diplomatlaryna bu iki ýurtdan gyssagly çykmaklyga görkezme berdi.

Mundan daşary, Döwlet departamenti Tunise we Sudana sapar etmekligi planlaşdyrýan ähli amerikan raýatlaryna edil häzirki wagt bu ýurtlara sapar etmezligi maslahat berýändigini mälim etdi.

Geçen hepdäniň başyndan bäri musulman ýurtlarynyň köpüsinde Birleşen Ştatlarda Muhammet pygamber bilen baglanyşykly döredilen täze filme garşy gahar-gazaply çykyşlar möwç alýar.

Şeýle gazaply çykyşlaryň birinde geçen hepde Liwiýanyň Bengazi şäherindäki amerikan ilçisi we konsullygyň üç işgäri öldürildi.
XS
SM
MD
LG