Sepleriň elýeterliligi

Aşgabatda kompýuter proýektleri boýunça ýaryşyň jemi jemlendi


Şenbe güni Aşgabatda kompýuter proýektleri boýunça mekdep okuwçylarynyň arasynda geçirilen halkara olimpiadasy tamamlandy.

Dört gün dowam eden bu halkara olimpiadasy Aşgabatdaky türkmen-turk uniwersitetiniň binasynda geçirildi.

Şenbe güni bu ýaryşyň ýeňijilerine 94 komplektden ybarat medal gowşuryldy, şolardan 15-si altyn we 36-sy kümüş medal.

Bu halkara bäsleşiginde Türkmenistanyň mekdep okuwçylary tarapyndan hödürlenen kompýuter proýektlerinden 22-si dürli medallara mynasyp boldy. Şol gazanylan medallardan 3-si altyn, 6-sy kümüş we 13-si bürünç medal.
XS
SM
MD
LG