Sepleriň elýeterliligi

Türkmenistanda ýowar möwsümi: islegmi ýa mejburlyk?


Türkmenistanyň metbugaty ýowarlaryň tutuş türkmen jemgyýeti tarapyndan biragyzdan goldanylýandygyny ýazýar. Ýöne bu çäreleri mejbury zähmet diýip atlandyrýan tankytçylar hem bar.

Türkmenistanyň metbugaty ýowarlaryň tutuş türkmen jemgyýeti tarapyndan biragyzdan goldanylýandygyny ýazýar. Ýöne bu çäreleri mejbury zähmet diýip atlandyrýan tankytçylar hem bar.

Türkmenistanda ýurt garaşsyzlygynyň 21 ýyllygyna gabatlanyp, köpçülikleýin arassaçylyk, abadanlaşdyryş, ýagny ýowar möwsümi başlandy. Bu teklip 7-nji sentýabrda geçirilen hökümet maslahatynda ýurduň Demokratik partiýasy tarapyndan orta atyldy.

Prezident G.Berdimuhamedow bu başlangyjy oňlady we ýowarlaryň tutuş ýurt boýunça göwnejaý derejede guralmagyny üpjün etmegi tabşyrdy.

Döwlet eýeçiligindäki metbugat ýowarlaryň tutuş türkmen jemgyýeti tarapyndan biragyzdan goldanylýandygyny ýazýar. Ýöne bu çäreleri mejbury zähmet atlandyrýan tankytçylar hem bar.

Azatlyk Radiosy bu ýowarlaryň şu we beýleki taraplaryna nazar aýlamak üçin Türkmenistandan ýerli synçylar Aşyrguly Baýryýewi, Amanmyrat Bugaýewi, Bolgariýadan Türkmenistan Helsinki toparynyň başlygy Täjigül Begmedowany telefon arkaly söhbetdeşlige çagyrdy.

Şu temadan geçirilen “Tegelek Stol” gepleşigini diňlemek üçin, şu ýere basyň:
XS
SM
MD
LG