Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Şiraly: “Şahyryň dymmagy – jenaýat”


Şiraly: "Goşgy kämahal yzly-yzyna gelýär, käwagtam poeziýanyn 'Pegas' diýilýän ganatly aty özge bir sonarly meýdana otlamaga gidäýýär..."
Şiraly: "Goşgy kämahal yzly-yzyna gelýär, käwagtam poeziýanyn 'Pegas' diýilýän ganatly aty özge bir sonarly meýdana otlamaga gidäýýär..."
Ýazyjy Hudaýberdi Hally Swesiýada ýaşaýan belli türkmen şahyry Şiraly bilen söhbetdeş bolup, şygyr meýdanynyň “hasyllylyk” we “hasylsyzlyk” meselesi baradaky meseläni gozgady.

H.Hally: Şiraly, biziň gürrüňimiz poeziýa hakda bolar. Ilki bilen diňleýjileriň teşneligini gandyrar ýaly, sözi goşgudan başlaly.

Şiraly: “Şol önki düzgün”

Çekdik melamatyn çydar ýalysyn,
Berdik ogullaryň çynar ýalysyn.
Düşedik, gör, kimiň daban astyna
Törden asylmaly türkmen halysyn.

Enelermiz, uýalarmyz, gyzlarmyz
Gyra-gyra gözleriniň köküni,
Ýarygije süýnüp, daňdan dikelip,
Çekdi ejiz egniň agyr ýüküni.

“Barýan!” diýse ýurt eýesi – hojaýyn,
Çäge, toýun diýmän, batgalyk diýmän,
Haly düşäp, üstündenem gül düşäp,
Bir owurt suw içmän, döwüm nan iýmän,

Sakgal sallap, jäjekli don atynyp,
Ýaşulular gol gowşuryp epiler.
Juwan nesil alsyn diýip görelde,
Hojaýynyň ellerinden öpüler.

Türkana janymyz, sada janymyz –
Gaýtalanmaz öýtdük bu nogsan gaýdyp.
Şükür edip, uludan bir dem aldyk,
Bu masgara ýagdaý geçendir öýdüp.

Arman, ýene çöp-çalamyň üstünde
Ýatyr halyçylaň gözüniň ýagy...
Gynansagam, ýene şol öňki düzgün:
Ýokarda mes gülki, aşakda agy.

Magtymguly aýdyp geçipdir: “Bendesi men söze hyrydar guluň” diýip. Diňleýji tapylsa, teşneligini gandyrmak biziň bilen.

H.Hally: Sag bol, Şiraly. Indi şeýle sowal. Geçen aý hem şu aýyň başy seniň şygyr meýdanyň üçin hasylly boldy. Bu nähili gabat gelip bilýär? Käwagt yzly-yzyna goşgy gelýär, käwagt goşgy bolanok.

Şiraly: Elbetde, geçen aýyň başyndaky hasylly döwri men Puşkiniň “Boldino güýzi” bilen deňäp biljek däl. Ýöne, her niçigem bolsa, kämahal ylham joşup, göwnüçökgünligiň böwedini ýykýan bolmaly. Ýazýan-düzýän zadyň il-güne gerekdigini, okyjynyň, diňleýjiniň eseriňe garaşýandygyny bilseň, dymyp oturmagy men-ä, dogrusy, jenaýat hasap edýärin.

Öňem bir öwrümde ýaňzydypdym, şahyryň şygryny okamasa, bagşyň aýdymyny diňlemese, millet alasarmyk ýagdaýda galyp, “Be, bulara näme bold-aý?” diýip oýa batmazmy?

Ýeri gelende, kiçiräk bir wakany ýatlasym gelýär. S.Nyýazowyň buýrugy bilen meni tutup, Çärjew türmesine atanlarynda, Çärjew şäheriniň prokurory Emin Orazow sud mejlisiniň zalynda meniň goşgularyma özüçe baha berip, şeýle diýdi: “Aý, onuň çyrşaýan zatlaryny okap gördüm, derek ýok”.

Meniň jogabym nagt boldy: “Goşgy göwnüne ýaramadyk okyjy gazeti ýa kitaby eliniň tersine zyňyp goýberer, diýmek, oňa menden zyýan ýetmez. Ýöne seni depesinde oturdyp, ykbalyny sen tetelli prokurora ynanan Çärjew ilatynyň dat gününe!”.

H.Hally: Şiraly, o döwri ýatlasak, gürrüň uzaga gitjek. Biz gözelligiň – çeper edebiýatyň gürrüňini edeli. Sen şol agyr yzarlanmalara bakman, sagdyn hem çeper goşgy döredip bildiň. Şonuň syrlary barada gürrüň edeli.

Şiraly: Seniň belligiň bilen men doly ylalaşýan, Hudaýberdi: goşgy kämahal yzly-yzyna gelýär, käwagtam poeziýanyn “Pegas” diýilýän ganatly aty özge bir sonarly meýdana otlamaga gidäýýär. Şahyryň ylhamy joşýança-da ol hiç yzyna dolanmaýar.

H.Hally: Seniň ylhamyň gözbaşy Watan. Ýurtdan aýrylanyňa, has takygy ol ýerden gaçyp gaýdanyňa ençme ýyl boldy. Şonda-da seniň esasy temaň mydama Türkmenistan bolmagynda galdy. Sen ondan çykyp bilmediň diýmekçi bolýan.

Şiraly: Terkiwatan bolup, mysapyrlykda ýaşap ýören islendik türkmen şahyrynyň ylham gözbaşynyň Türkmenistan bolmagy tebigy zat bolsa gerek. Bu ýerde ýene molla Gerkeze ýüzlenmeli bolýas: “Ilinden aýra düşen, ah urar, ili gözlär. Ýolundan aýra düşen, jäht eder, ýoly gözlär”. Şol sanda meniňem esasy temamyň Türkmenistan bolmagyna geň galyp oturasy iş ýok.

Men ol temadan çykjagam bolamok. Dogrusy, nädip çykaýyn?! Bar, özüm hiç diýeýin, iň ýakyn mähribanlarymyň başyna düşen hupbatlary ýatlasam, gözüm garaňkyrap gidýär! Ilkinji bolup uýam Annatäç, bäş ýyl mundan öň kiçi inim Orazgylyç, üstümizdeki aýyň bäşine-de menden üç ýaş kiçi inim Hojamuhammet dünýäsini täzeläp, armanly gözlerini ýumdy.

Bu belalarda il-günümiň jinnek ýaly günäsi ýok. Ýöne muňa ykbal işi ýa pelek oýny diýäýibem bilemok. Pyragy, elbetde, müň kerem mamla: “Ýat illerde mysapyrlyk çekenden, ursa, sögse, horlasa-da, il ýagşy” diýipdir.

Adam umyt bilen ýaşaýar. Nesibämiz çekse, bir gün Watana dolanmak umydy gursagymyzda gürsüldäp dur. Hudaýberdi, söhbetimiziň bu bölegini öňräk ýazan iki setirim bilen jemläsim gelýer: “Erkiňe goýsalar – garyp mekana, ýeriň ol ujundan pyýada gelseň...”

H.Hally: Şonuň bilen birlikde, sen Şwesiýada ýaşaýaň. Ol bir jennede çalym edip duran ýurt. Ol tebigat, şol gözellik, şol dünýä sende nähili täsir galdyrýar?

Şiraly: Şabährem aýtmyşlaýyn: “Ýalançyda jennet bolsa, meger, begler, bu jennetdir”. Dogrudanam, 80 prosenti çägelik tutup duran ýurtdan, 80 prosenti tokaýa bürenip oturan ýurda düşseň, gözigidejilikden başga neneňsi duýgy döräp biler?! Bärde çaklaňja bir goşgymy ýatlamagy ýerlikli hasap etdim:

Agam ýok, gara-da ýok,
Ganam ýok, ýara-da ýok.
Bir täsin ile düşdük –
Begem ýok, töre-de ýok.

Haýwan adam deňinde,
Adam Hudaý deňinde.
Boýnun sallap duran ýok
Patyşaňam öňünde.

Şagal – şagal ýerinde,
Gurt ýerinde gurt eken.
Özünde doglan bolsaň
Ýaşalaýjak ýurt eken.

Ýöne biz bir gelmişek,
Azaşyp ýol salmyşak.
Her Täze ýyl toýunda,
Aglap dutar çalmyşak.

Şu ýörite gepleşigi diňlemek üçin, şu ýere basyň:
please wait

No media source currently available

0:00 0:10:00 0:00
Ýükle
XS
SM
MD
LG