Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Geografiýanyň döwletleriň ykbalyna ýetirýän täsiri


Dünýä kartasynyň şekili.
Dünýä kartasynyň şekili.
ABŞ-ly žurnalist we ýazyjy Robert Kaplan “Geografiýanyň öji: Dünýä kartasy öňde duran konfilktler we ýazgydyň çaknyşyklary barada näme gürrüň berýär” atly kitabyny çykardy. Kaplan öz kitabynda geografiki ýerleşişine görä, dünýäniň ägirt güýçleriniň neneňsi ýoldan ugur alyp özgerendigini, olaryň ykbaly barada we taryhdan nähili sapaklary çykarmalydygy hakynda maglumat berýär.

Azatlyk Radiosy Robert Kaplan bilen söhbetdeşlik geçirdi.

Azatlyk Radiosy: Siz kitabyňyzda “Bir döwletiň emele gelmegi üçin, onuň geografiki taýdan ýerleşişiniň, ony dolandyrmak üçin ulanylýan pelsepeden hem möhümdigini” ýazýarsyňyz. Näme sebäpden bir döwletiň geografiki taýdan ýerleşişi şeýle möhüm?

Robert Kaplan: Sebäbi bu döwletiň dünýä kartasyndaky ornuny kesgitleýär. Munuň bilen belli bir döwletiň mümkinçilikleri we çäklendirmeleri hem kesgitlenilýär. Mysal üçin, Beýik Britaniýany alyp göreliň. Ol bir ada, üstesine-de, uly bir ada. Netijede oňa özüniň serhetlerine edilip bilinjek hüjümlerden howatyrlanmaga sebäp ýokdy. Netijede ol ýüzlerçe ýylyň dowamynda arkaýynlykda diýen ýaly ösüp-özgerdi. Bu ýerlerde demokratiýanyň ösmegine hem şu sebäp boldy.

ABŞ-ly žurnalist we ýazyjy Robert Kaplan
ABŞ-ly žurnalist we ýazyjy Robert Kaplan
Ýa-da bolmasa ABŞ-a seredip göräýiň. Onuň gündogar kenarlaryndaky portlary tebigy taýdan şeýle bir gowy ýagdaýda ýerleşen welin, munuň netijesinde 13 koloniýa döredilipdi. Mundan tapawutlylykda Afrika nazar aýlalyň. Onuň ýakalarynda tebigy portlaryň bolmandygy sebäpli, bu Afrikanyň ösüşine hem oňaýsyz täsir ýetirdi.

Orsýetiň ýagdaýyny hem synlalyň. Ol dünýäniň uzaklyk giňişliginiň tas ýarpysyny düzýär diýen ýaly. Emma şol bir wagtda onuň tebigy araçäkleri-de juda az. Bu hem Orsýetdäki bar bolan ähtibarsyz howpsuzlyk ýagdaýlaryny we millet hökmünde müňkür häsiýetlerini düşündirýär.

Azatlyk Radiosy: Siz kitabyňyzda her bir döwletiň ýerleşiş aýratynlyklarynyň ol ýerde ýaşaýan adamlary hem biri-birinden tapawutlandyrýandygyny aýdýarsyňyz. Geografiki ýerleşişiň bu aýratynlyklary barada hem durup geçseňiz?

Robert Kaplan: Dünýä kartasy özünde köp sanly umumylaşdyrmalary jemleýär. Olar nätakyk hem bolup biler. Kartalar bize dürli ýagdaýlarda her bir milletiň näderejede tapawutlydygyny görkezýär. Bir milletiň beýleki millet bilen deňeşdirilende mümkinçilikleri-de deň bolmaýar.

Ýewropanyň Benilýuks döwletlerine, ýagny Belgiýa, Niderlandlara we Lýuksemburga serediň. Olaryň tebigy taýdan gowy ýerleşen, goragly we söwda üçin amatly kenar ýakalary bar. Olaryň topraklary hem gowy. Şeýle-de bu sebitleriň gaty oňat tokaýlary bar. Bularyň ählisi hasaba alnanda, elbetde, ösüşiň derejesi ýokary bolar. Indi hem muny gury ýerdäki Merkezi Afrika döwletleriniň ýagdaýy bilen deňeşdirip görüň. Bu hem näme sebäpden Ýewropanyň Afrikanyň şol sebitlerine görä çalt özgerendigini aýan edýär. Garaz, jemläp aýdanymyzda, döredilende, ilkibaşdan olaryň ählisiniň mümkinçilikleri deň däl.

Azatlyk Radiosy: Siz kitabyňyzda sowuk urşuň gutarmagy bilen bagly dörän ýagdaýlar barada hem maglumatlary beripsiňiz. Bular barada anygrak gürrüň berseňiz?

Robert Kaplan: Sowuk uruş Günbataryň köp ekspertleriniň geografiki hakykatlar babatynda gözlerini baglady. Berlin emeli ýagdaýda ikä bölündi. Gresiýa-da Günbatar Ýewropanyň hataryna goşuldy, aslyýetinde bolsa ol Türk we Wizantiýa imperiýalaryndan ejir çeken Ortaýer deňziniň kenaryndaky garyp bir ýurtdy.

Azatlyk Radiosy: Siz kitabyňyzda “Mýunhen” atly möhüm taryhy sapagyň bolandygyny belleýärsiňiz. Bu näme?

“Geografiýanyň öji: Dünýä kartasy öňde duran konfilktler we ýazgydyň çaknyşyklary barada näme gürrüň berýär” atly kitabyň daşky görnüşi.
“Geografiýanyň öji: Dünýä kartasy öňde duran konfilktler we ýazgydyň çaknyşyklary barada näme gürrüň berýär” atly kitabyň daşky görnüşi.
Robert Kaplan: Muny diýmek bilen men 1938-nji ýylda Mýunhende geçirilen konferensiýany göz öňünde tutdum. Şol wagt Britaniýanyň premýer-ministri Newille Çamberlen bilen Adolf Gitler duşuşypdy. Şonda Çamberlen Gitleriň bildiren talaplary bilen ylalaşypdy. Bu hem soňy bilen belli bir derejede Ikinji jahan urşunyň başlanmagyna itergi bolupdy.

“Mýunhen” sapagy şundan ybarat, ýagny “Diktatorlora şu gün garşy çykyň. Eger-de siz muny ertire goýsaňyz, olar soňundan has köp ýerleri eýelär we umumy bulagaýçylygy döreder”.

Has düşnükliräk aýdylmagyny isleseňiz: “Bosniýa, ýagdaýlar ahyrky derejä ýetmezinden öň, giriň!”; “Entek giç bolmanka Saddam Huseýni häkimiýetden agdaryň!”; “Soňundan giç bolmaz ýaly, Siriýa giriň!” ýaly görnüşde hem beýan edip bolar.

Ýöne, bu taýda, elbetde, bir kynçylyk bar. “Mýunhen” – bu bir taraply bir mesele. Ýagny, kabul ediljek bolunýan her bir karar Çemberleniň ýüzbe-ýüz bolan meseleleri bilen gabat getiriljek bolunýar. Bu dogry bolmaz. Bu diňe taryhyň belli bir pursaty.

Azatlyk Radiosy: Siz kitabyňyzda Orsýet barada-da durup geçýärsiňiz. Siz onda taryhçy Patrik Marçyň “Orsýetiň serhetlerinde dartgynly ýagdaýlaryň bolmagy bu ýurda ‘diýdimzorlukda has köp eglişik’ gazanmaga mümkinçilik berýär” diýen sözlerini hem getiripsiňiz. Bu prezident Wladimir Putiniň alyp barýan berk syýasatyny belli bir derejede aklaýarmy?

Robert Kaplan: Putiniň öz dünýägaraýyşlaryna laýyk adam däldigi üçin Günbataryň habar serişdeleri ony garalamagy gowy görýärler. Emma Putin barada aýdylanda, käbir ýagdaýlar nazardan sypdyrylmaly däldir. Ol totalitar şahsyýet däl. Oňa adaty orsýetli ýarym-diktator diýilse bolar. Onuň neoimperializm hereketleri hem has çuňňur geografiki durnuksyzlykdan gelip çykýar.

Ol Ýewropa tarap garanda, özünden ozalky patyşalaryň we ýolbaşçylaryň gören zatlaryny, ýagny Orsýete garşy hüjüm ýollaryny synlaýar.Ýagny, şwedleriň, polýaklaryň, fransuzlaryň, nemesleriň Orsýete garşy hüjümlerini göz öňünde tutýar.

Putin özünden ozalky kommunistik ýolbaşçylar ýaly, şol döwletleri çäklendirjek bolýar. Ol Baltika döwletlerinde täsirini artdyrjak bolýar. Ol Gündogar Ýewropa ýurtlaryny saklajak bolýar. Orsýet Warşawa paktynyň dargamagyny entegem kabul edenok.

Putin Warşawa şertnamasynyň täzeden dikeldilmejekdigine, Baltika döwletlerini alyp bilmejekdigine göz ýetirýär. Ýöne muny durmuşa geçirmäge synanyşýar. Ol gaz turbalarynyň, her dürli jenaýat toparlarynyň, internet hüjümleriniň üsti bilen basyş etmegi dowam etdirer.

Bu ýagdaýlar Belarus bilen Ukraina hem degişli. Edil şu sebäpler bilen ol 2008-nji ýylda Gürjüstana çozdy, şunuň üçin ol Merkezi Aziýa döwletlerinde täsirli bolmak isleýär. Emma soňky agzalýan region barada gürrüň edilende, ozalky Rus imperiýasynyň mysalyndan ugur alyp, nämedir bir zatlary döretmäge Orsýetiň harby kuwwaty ýeterlik däl.

Putin edil adaty bir ors ýolbaşçysy ýaly pikirlenýär. Ýagny, ol ilki bilen Orsýetiň üstüne köp tarapdan hüjüm edilip bilinjekdigini görýär. Orsýet uly bir döwlet bolup, onuň tebigy araçäkleri ýok. Orsýetiň deňiz araçäklerini hem howpsuz diýip atlandyryp bolmaýar.

Azatlyk Radiosy: Siz Owganystan bilen Pakistan geografiki taýdan özara bagly diýmek bilen nämäni göz öňünde tutduňyz?

Robert Kaplan: Owganystan bilen Pakistanyň bir ykbaly bar diýsek ýalňyşmarys. Bu hem şol iki ýurduň arasynda hiç hili tebigy araçägiň ýoklugy bilen baglydyr.

Bar bolan araçäkler hem emeli, şol sebäpli-de olary gözegçilikde saklamak diýseň kyn. Başga bir tarapdan etnik puştunlary hem hasapdan aýyrmaly däl. Bu hindi-yslam halkynyň iki ýurtda-da sany köp. Netijede Pakistan bilen Owganystany birek-birekden aýryp, iki sany döwleti esaslandyrmak kyn bir iş bolupdy. Ýagdaýlar häzir hem ýeňil däl.

Azatlyk Radiosy: ABŞ-nyň ýerleşişi barada nämeleri aýdyp bilersiňiz?

Robert Kaplan: Amerikalylar özlerini beýik halk diýip pikir etmegi gowy görýärler. Olar özleriniň aýratyndyklaryny, uly demokratiýa eýediklerini öňe sürýärler. Men olaryň nirede ýaşaýandygyny nazara alyp, soňra amerikalylaryň beýikdigini bellärdim.

ABŞ-nyň ýeke-täk kynçylygy - bu ýurduň günortasynda Meksikadaky demografiýa bilen bagly meseleler bolup biler. Meksika bilen araçäkler belli bir derejede emeli.

Bu ýerde dünýäniň iň öňdebaryjy ýurdy bilen üçünji dünýäniň döwleti bir-biri bilen araçäkleşýär. Serhet ýakalarynda köp sanly latynlar bar. Bu sebitdäki ABŞ-nyň şäherlerinde hem ispan milletiniň köp sanly wekilleri ýaşaýarlar.

Bir tarapdan, Meksikanyň uly ykdysadyýeti bolsa-da, beýleki bir tarapdan, onda neşe gaçakçylygy uly mesele bolup galýar. Garaz, Meksikanyň geljegi nähili özgerse, bu ABŞ-a hem öz täsirini ýetirer.

Meniň pikirimçe ABŞ-nyň geljegi günbatar-gündogar sebitleri boýunça özgermän, ol has köp demirgazyk-günorta giňişligi boýunça üýtgär.

Azatlyk Radiosy: Siziň pikiriňizçe, siziň kitabyňyzy okandan soň, okyjylar haýsy duýgulary başdan geçirerler?

Robert Kaplan: Kitaby okan adam döwletleriň geografiki ýerleşişiniň juda möhümdigine düşünse gerek. Geografiki ýerleşiş döwletleriň mümkinçiliklerine belli bir çäklendirmeleri girizýär. Ol biziň häsiýetlerimize hem çäklendirmeleri girizýär.
XS
SM
MD
LG