Sepleriň elýeterliligi

Liwiýa: Bengazide tutulanlaryň sany anyklaşdyrylýar


Ministr Abdel Aal Bengazidäki hüjüm öňünden planlaşdyrylan ýaly bolup görünýär diýýär.

Ministr Abdel Aal Bengazidäki hüjüm öňünden planlaşdyrylan ýaly bolup görünýär diýýär.

Liwiýanyň içeri işler ministri geçen hepde ABŞ-nyň Bengazidäki konsulhanasyna edilen ganly hüjüm bilen ilteşiklilikde tutulan adamlaryň sanyny anyklaşdyrdy.

Fawzi Abdel Aal dört adamyň tussag edilendigini aýtdy.

Bu Liwiýanyň milli kongresiniň baştutany Muhammad Magarifiň amerikan telewideniýesine beren interwýusynda agzan 50 adamyndan has az.

Tutulan 4 adam, gözlenýän 50

Abdel Aal ol diýilýän 50-niň derňew üçin agtarylýan adamlar bolmagynyň ahmaldygyny aýtdy.

"Men 50 adam tutuldy diýip pikir etmeýärin, ýöne olaryň başlangyç derňew üçin nazara alnan bolmagy ahmal. Meniň bilýänim tussag edilen 4 adam we derňew üçin gözlenýän adamlaryň sanawy. Olaryň derňew üçin talap edilýän bolmagy-da, hatda tussag edilmegi-de ahmal. Detallary öňünden aýtmak derňewiň peýdasyna däl" diýip, Liwiýanyň içeri işler ministri aýtdy.

Sişenbe güni ýurduň gündogar şäherinde bolan hüjüm ABŞ-da öndürilen we musulmanlarda Muhammet pygambere şek ýetirilýär diýen pikir döreden filme garşy protest mahalynda edildi.

Bu hüjüm netijesinde ABŞ-nyň Liwiýadaky ilçisi we ýene üç amerikan öldürildi.

Hüjüm planlaşdyrylanmy ýa däl?

Abdel Aal hüjümiň öňünden planlaşdyrylan ýaly bolup görünýändigini öňe sürdi.

"Detallar protestçileriň ýaraglanandygyny görkezýär, ol adamlar tüpeňli, pulemýotly hem-de granatlydy we men bu parahatçylykly protest boldy diýip pikir etmeýärin."

ABŞ-nyň prezidenti Barak Obamanyň adminstrasiýasyndaky resmiler häzire çenli munuň öňünden planlaşdyrylan hüjüm bolandygyny görkezýän subutnama ýok diýýärler.

Birleşen Ştatlaryň BMG-däki ilçisi Sýuzan Raýs ýekşenbe güni amerikan telewideniýesine Bengazide birden dörän protestiň “ekstremist elementler” tarapyndan başga ugra gönükdirilendigini aýtdy.

"Bengazide biziň konsulhanamyzyň daşynda birden başlanan protestden kän wagt geçmänkä oňa ekstremist elementler, aýry-aýry adamlar agyr ýaraglar bilen goşulan bolmaly diýip pikir edýäris. Gynansak-da, rewolýusiýadan soňky Liwiýada şeýle ýaraglary tapmak aňsat, onsoň olar bu ýerden has uly, has elhenç zorluga ýazdy" diýip, Raýs aýtdy.

Şeýle-de Raýs Bengazidäki amerikan konsulhanasynyň binasyny granatomýot okuna tutanlaryň “Al-Kaýda” ýa başga terror toparlary bilen gatnaşygynyň bolup-bolmanlygy aýdyň däl diýdi.
XS
SM
MD
LG