Sepleriň elýeterliligi

Türkmenistan: Ýerli TW-ä ilat arasyndaky garaýyşlar


Türkmenistanyň telewizion kanallary

Türkmenistanyň telewizion kanallary

Bäş ýaşyndaky Çynar her gün sagat 20.30-da başlaýan ”Siziň üçin körpeler” atly telewizion gepleşige sabyrsyzlyk bilen garaşýar. Ol gepleşige gatnaşmaga arzuw edýändigini hem aýdýar.

Çagalar üçin bu gepleşigi ýurtda meşhurlyk gazanan topar bolan Hoja, Aşyr we Gandym wäşiler üçlüginden Aşyr dädäniň alyp barmagy bu gepleşige bolan gyzyklanmany artdyrdy.

“Siziň üçin körpeler” gepleşigine ýurduň dürli künjeklerinde ýaşaýan mekdep ýaşyna ýetmedik çagalar gatnaşyp, tapmaçalarydyr-goşgulary aýdýarlar. Bu gepleşik diňe bir çagalary däl, eýsem Türkmen telewideniýesiniň uly ýaşly auditoriýasyny hem gyzyklandyrýar.

Halk arasynda sabyrsyzlyk bilen garaşylýan gepleşiklerden ýene-de biri – ýumorly gepleşikler. Aşgabatly 32 ýaşy Ahmet başga hiç bir gepleşige tomaşa etmese-de, “Degişmeler dünýasi” atly gepleşigi sypdyrmazlyga çalyşýandygyny aýdýar.

Ol: “Men her dynç güni efire goýberilýän ”Degişmeler dünýäsi” ýumoristik gepleşigine tomaşa edýärin. Şondan başga Türkmen telewideniýesindäki efire goýberilýän gepleşikler meni o diýen gyzyklandyranok” diýýär.

Hökümetiň gözegçiliginde

Türkmenistanda iş alyp barýan media bütinleý hökümetiň eýeçiliginde, onsoň telewideniýäniň görkezýän programmalarynyň-da hemmesi bolmasa-da, aglaba bölegi döwletiň syýasatyny mahabatlandyrmaga gönükdirilen.

Oňa Türkmen telewideniýesiniň “Watan” habarlar programmasynyň habarlaryndan hem göz ýetirmek mümkin. Bu telewizion gepleşikde döwlet baştutanynyň geçirýän ýygnaklary, onuň adyna gelen gutlaglar, etrapdyr hökümet ýolbaşçylaryna berýän tabşyryklary ýaly resmi habarlar görkezilýär.

”Düýn Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtymyz boýunça iş saparyny amala aşyryp, Olimpiýa şäherçesiniň gurluşygynyň barşy, şeýle hem Aşgabatda we ýurduň beýleki künjeklerinde binalary gurmak we medeni durmuş düzümini ösdürmek boýunça täze taslamalaryň birnäçesi bilen tanyşdy” diýip, ”Watan” habarlar gepleşiginiň 14-nji sentýabrda efire goýberilen sanyndaky habarda aýdylýar.

Bu diňe düýnki ýa şu günki habarlara mahsus bolman, her günki gepleşiklerde gaýtalanýan ýagdaý. Käbir ýerli tomaşaçylaryň aýtmaklaryna görä, telewizion gepleşiklerde adamlaryň gündelik durmuşy bilen bagly maglumatlaryň aýdylmazlygy, olaryň lapyny keç edýär.

Şeýle pikiri öňe sürýänlerden birem adynyň agzalmagyny islemedik aşgabatly medeniýet işgäri. Ol öz pikirini şeýle beýan edýär: “Türkmen telekanallarynyň ählisi diňe ýurt baştutanyny mahabatlandyrmak bilen meşgul bolýarlar. Bu telewideniýe bir adamyň şahsy telewideniýesine öwrüldi. Ondaky informasion gepleşiklerde ýurtda bolup geçýän wakalar barada gürrüň berilmän, diňe hökümetiň alyp barýan syýasaty mahabatlandyrylýar.”

Telewideniýede çykyş edýän islendik adam ýurt baştutanynyň adyna alkyş aýdýar. Bu ýagdaý resmi sapar bilen daşary ýurtlardan Türkmenistana gelen myhmanlar bilen geçirilen interwýularda hem o diýen üýtgemeýär.

Adynyň agzalmagyny islemedik ýerli medeniýet işgäriniň aýtmagyna görä, daşary ýurtlar bilen geçirilýän interwýularda, umuman, türkmenistanly habarçylary daşary ýurtlularyň Aşgabat baradaky duýgulary gyzyklandyrýar.

“Şeýlelikde, Aşgabadyň özgerip barýandygy ýene bir gezek gaýtalanýar” diýip, medeniýet işgäri aýtdy.

Türkmenistanyň döwlet eýeçiligindäki habar serişdeleriniň ýene bir aýratynlygy – olaryň daşary ýurtlarda bolup geçýän wakalar barada berýän maglumatlary juda çäkli, hatda goňşy Owganystan ýaly ýurtlarda bolup geçýän wakalar hakda-da gündelik gepleşiklerde maglumat berlenok diýerlik.

Käbir ýerli tomaşaçylaryň aýtmaklaryna görä, bu hem Türkmenistanyň habar serişdeleriniň, şol sanda telekanallaryň programmalarynyň hem hiline ýaramaz täsir edýär.
XS
SM
MD
LG