Sepleriň elýeterliligi

Yslama şek ýetirýän filme garşy protestler zorluga öwrüldi


Polisiýa, hepdäniň duşenbe güni Kabulda ýüzlerçe adamyň gatnaşmagynda geçirilen, yslama şek ýetirýän filme garşy protestleriň, zorluga getirenligini aýtdy. Bu film tutuş dünýäde gaharly çykyşlary tutaşdyrdy. Habar berlişine görä, Kabuldaky protestçiler amerika garşy şygarlary öňe sürüpdirler, agaçlary ýakyp, daş atypdyrlar.

Kaliforniýada alynan pofessional bolmadyk bu film amerika garşy zorlukly çykyşlary tutaşdyrdy we musulman ýurtlaryň birnäçesinde 17 adamyň, şol sanda Birleşen Ştatlaryň Liwiýadaky ilçisiniň ölümine sebäp boldy.

Film bilen baglylykda, Liwanyň Daşary işler ministri Adnan Mansour Arap ligasynyň baş sekretary Nabil El- Arabydan Daşary işler ministrleriniň adatdan daşary maslahatyny geçirmegi haýyş etdi.
XS
SM
MD
LG