Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Bengazidäki hüjümler bilen baglanyşykda tussag edilenleriň sany takyklaşdyryldy


Liwiýanyň Içeri işler ministri Fawzi Abdel A'al geçen hepdede Bengazide Birleşen Ştatlaryň konsulhanasyna edilen adam pidaly hüjümler bilen baglanyşykda dört adamyň tussag edilenligini aýtdy. Bu san Liwiýanyň Milli kongressiniň lideri Muhammad Magariefiň Birleşen Ştatlaryň telewideniýesi bilen söhbetdeşliginde 50 adam, diýip agzan sanyndan has az.

Abdel Aal 50, diýip agzalan sanyň derňewlere çekilen adamlaryň sany bolmagynyň ähtimaldygyny belledi. Geçen hepdäniň penşenbe güni bolan hüjüm Muhammet pygambere şek ýetiriji filme garşy başlanan protestleriň dowamynda ýüze çykypdy. Şol hüjüm netijesinde Birleşen Ştatlaryň Liwiýadaky ilçisi we ýene üç amerikaly heläk bolupdy.
XS
SM
MD
LG